www.dutar.com
Turkmen Classic Music Homepage
Rozy
Gurbanguly ogly Muhammedi -
ݺlemiýar - 1936-njy ýylda Türkmenistanyñ Halaç
etrabynda doguldy. Ol orta mekdebi gutaransoñ Aºgabatdaky Türkmen
Döwlet Uniwersitetiniñ Türkmen Dili we Edebiýaty Bölümini gutardy. Köp
wagtlap öñki Kerki häzirki Atamyrat etrabynda bilim ulgamynda iºledi.
Häzirki wagtda medeniýet ulgamynda bagºy bolup iºleýär. Bagºyçylyga 1945-nji ýyldan baºlap göwün
goýdy. Bagºyçylykda ilkinji halypasy onuñ kakasy Gurbanguly aga,
soñ bolsa onuñ halypalary Haky bagºy, Mustak bagºylardyr. Olar
türkmeniñ aýdym-saz sungatynda gadymyýetden miras bolup galan in gowy
aýdymlary, sazlary, dessanlary öwretdiler. Rozy Gurbanguly ogly Muhammediýew ºondan
bäri halypalarynyñ öwreden aýdym we sazlaryny halka aýdyp berýär
hem-de ýaºlara-da ol öwredýär. Bu iºde bu günki garaºsyz
Türkmenistanyñ ösüºi bilen utgaºykly alyp barýar. Ol indi bu
günler köp bagºylaryñ halypasy boldy. Nazar bagºynyñ ºägirdi
Haky bagºydan öwrenen Türkmeniñ beýik ºahyry “Matymguly-Pyragy”
dessanyny toýlarda, märekelerde, baýramçylyklarda ussatlyk bilen ýerine
ýetirip berip halkyñ göwnüni hoº edýär. Türkmenistanyñ Milli
Telewideniýesiniñ ekranynda Rozy bagºynyñ aýdymlary,
dessanlary, sazlary häli-ºindi ºöhlelenip ýañlanyp dur. Whatch Matymguly dessanyny
Download Matymguly dessanyny
|