Türkmen Aýdym-saz rowaýatlaryndan

 

                                                         Köňül joşa gelmez        Dil hem sözlemese
                                                         Her ýürekde yşykdan    Köz hem bolmasa
                                                                                                                                Magtymguly
                                                 
Dilber
 
Dagyň göwsini ýaryp çykan çeşmäniň durnaň gözi ýaly dury suwy üsti gür  böwürslene basyrylan şildirewük owazly gadym ýapdan aşaklygyna gün şoglasyna aşyk bolup barha ýagtylyp,öwşün alyp akýardy.
Ol bulak şol ýap bilen joşup gelşine,Köşi obasynyň çetindäki ýalpak güzere ýazylyp ýaýraýardy.Göwni giňän adama meňzäp, asudalyk tapýardy.
 Şol güzeriň başynda şaxalaryny çar tarapa  oturan ýalňyz bir söwüt agaji bar eken.Bu goja daragtyň ýaşyny bilýän-goýýan ýok eken.Obanyň segsen-togsan ýaşan garrylaryndan sorasaňam, olar „ meniň oglanjyk wagtymam şu söwdiň şu durşydy „ __ diýip , jogap berer eken.
Hawa,garry söwüt başyny dik asmana çekip,alys ýerlerdenem hellewläp görünýärdi.
Onuň çar tarapa egilen üzünden-üzün şaxalarynyň tylla ýaprakly pudaklary, has-da güýzüne gören gözi dokundyrýardy.Salkyndy.
Bu gözeriň başy üzün günläp,suw almaga gelen gyz-gelinlerden doly bolýardy.şonuň üçin bolsa gerek,bu mekana, bu jelegaýa gyzgözer __ diýerdiler.
Äpet söwdüň aşagyndaky şagalaňly gyzgözere erkek adamlar gelmezek bolardy.
Atly atyny,düýeli düýesini,suwa ýakardy.Gelin-gyzlara gabak galdyrmazdylar.Uly gyzlar , gaýtarmalar,ýaş gelinler … olar munda gülüşerdi, degişerdi,derdineşerdi, iç döküşerdi.Gün gyzyberse, kä biri köýnegi-zady bilen suwa göýbärdi.Öw hä atardy.
Öz-özleri hezil ederdi.Megerem olaryň iň erkinje pursatlary , şu – gyzgüzeriň başyn gelen çaglary bolsun gerek.Gyz-gelinleriň bir bölegi ,sallana-sallana,egni suw kädili öýne gaýtsa,ýene bir bölegi egnine küýze gelşirip suw almaga gelerdi.Garry söwdüň saýasyndaky gyzgözer üzünli gün gyzyl-çog bolar durardy….
…Şu tomsuň şu gijesiniň howasy diýseň sergindi.Daş işiklerindäki sekiniň üstünde ýeke özi ýatan ýigidiň gözüne uky gelenokdy.
Gijäniňem indi ep-eslisi geçiberpdi.Ỳigit bir eýlesine agdarylýardy,birem beýlesine käte çyň arkan düşüp, asmandaky petreşip duran ýyldyzlara dykanlardy.oňa ynjylyk bermeýän, ukusyny tutdyrmaýan dert-ahwalat Annagül atly gyzyň yşkydy.
Ỳigit eňegini ýassyga berip küýe batdy; „il –gün meni diňleýär,toý-tomaşa bolsa, Hally ikimizi, tüweleme, ýatlaşyp dur...menem goşgy okan bolýan, Hallymam aýdym aýdyp berýär.Garyp-gasarlar häli-şindi maslahata-da geläýýär.*Magtymgulyny okap ber * diýip günde –günaşa ýaşulylaram çagyrýar.Garaz, abraý alna ýagşy-da, oňardagymyzdan saklajak bolýas.Ỳöne ... At aljak bilen gelinaljaga hudaý ýetiýrmiş diýlendir.özüňem eşejigiňi berk guşamaly diýlendir...
Ỳigit şeýdip, ham-hyýala gark bolup ýatyşyna arzylysy ANNAGÜLI öwran-öwran göz öňüne getirdi.Köňli joşup galama ýapyşdy.Ol ýüz ugra-da * DILBER * diýip bir goşgy ýazdy. Şu goşgyny hökman ANNAGÜLÜŇ özüne okap bererin…  
Tomus gijesi sabyrsyz bolýar.Daň saz berenden,xoroslar „Gökgöz aga „ diýşip obany ýaňlandyrdy.
Ỳigit howlukmaç ýerinden turdy-da, gyzgözere tarap haýdady.
Gyzgözeriň başy boşdy.“ Ynha,haý diýmän gün asmana galar weli, gelin-gyzlaryň başyn çekip, ANNAGÜLÜM geler.Ynha, annagülüň küýzesini susýan ýeri,aýajygyny basýan ýeri.“
Dag tarapdan öwüsýän pessaýja sergin şemal äpet söwüdiň çür başyndaky ýapraklaryň şybyrdasy.Annagülüň pyşyrdasyna ogşap,başyňy sämedýär.Iniňi sandyradýar.
Ỳigit öten agşamky ** DILBERINI ** dilinde doga edip gaýtalaýar.
Anha parlap jahan ýagtyldy.Ỳigit körpeje bagyň berenine duwlandy.Suwa ilki gelen Annagül boldy.Allanyň emridir ,ýeke özi !!
Ol küýzeleriniň birini dolduryp,ikinjisini suwa batyrdy.Ỳigit hem ýerinden zyňkyldap galdy :
 
 ANNAGÜL !
-Hyý, wiý, Annagylyç.....
Ỳigit bilen gyzyň arasynda bolan bar gürrüň şu!! Olar bir-biriniň meňzinden döýman Dilden galyp duruberdiler.
Annagylyja gurbat indi,şeýle diýip seslendi :
 
Serim saňa sadaka ,                   sallangyn bäri dilber
 
Göwsüň külli-bulgurynyň ,           gümänim nary dilber
 
Didaryňa muştak men,                derdime däri dilber  
 
Täze ýylyň nowruzy,                    pasly-bahary,dilber
 
Täze açylan nowgül sen,             men hyrydary dilber
 
Danyşsak hylwat ýerde,               dilleriň ne ajaýyp
 
Zenehdanga dökülgen,                telleriň ne ajaýyp
 
Guçsam inçe biliňden,                 billeriň ne ajaýyp
 
Ary kemin aýrylman,                   allaryň ne ajaýyp
 
Seniň mazany bermez                 bagyň eňňury dilber                      
 
         
 Gyzyň gözünden al ýaňagyna bir katra damdy.
Goşgynyň izini okamaga maý bolmady.Gyzgözere ýetip gelýän iki geliniň jak-jak gülküsi päsgel berdi.Annagylyç ýumlykdy elbetde.....
Annagül bolsa bir küýzesini suwdan dolduryp,beýlekisini hem ýarty edip öýlerine ugrady.Gyzyň gözünden ýol boýy ýaş paýrap durdy,paýrap durdy....
Sebäp Annagülüň kakasy gyzy üçin Weýsek baýlardan eýýäm galyň alypdy ahyry.
Soň Annagylyç mätäjiniň ** DILBER ** goşgysyny hally bagşy aýdym edip aýdypdyr.
Hally bagşyň şägirdi Sahy jepbarof bolsa, ol aýdymy ( DILBER )biziň günlermize ýetiripdir.
DILBER aýdymyny şu günlerem bagşylar ürç edip aýdýarlar.
                                                                                                
         
Gapy gezen gara däli gökleň
 
XIX – Asryň başynda Hiwa hany Amyderýadan ägirt köp meýdany suwlandyrmaga ýeter ýaly suw almaga başarýar.Hiwanyň töwereginde bolsa suw berseň gyzyl önd-
ürjek mes toprakly ýerler näçe diýseň bardy.Hiwanyň mes topragynyň tarapyny ýetir
-ýän bir gepem bar :
„ Mazarystanlygy suwarsaň, hakyt adam gögerýärmiş „
Ynha,şol gonamçylyga suw berseň adam gögerýän mes toprak, bol suw, ýöne daýhan bolmasa, diňe ýer bilen suw hasyl öndürenok.
Hiwa hany Amyderýadan ägirt suw alansoň, ummasyz adam güýjüni toplamagyň ugruna çykýar.çünki bol suwy ýerlikli peýdalanmak üçin uly-uly ýaplar gazmaly, ekin eker ýaly ýerler açmaly.Garaz,adam güýji näçe diýseň gerek.
Işçi güýjüni toplamak üçin MUHAMMED RAHIM han çar tarapa çapawullap başlady.
Ol töwerekdäki merkezleşen döwleti bolmadyk ownuk halklary talaýardy, daýhanly-
ga ýarajak adamlary hiwa sürgün edýärdi,ýesir alýardy.
Şeýle basybalyjylykly çozuşlaryň iň ulusam 1820nji ýyllarda boldy.Muhammed rahym han GARRYGALA hem ARKAç Türkmenlerini ýesir alyp Hiwa sürgün edip äkidýär.Som-saýak bolup Hiwa ugran halk gyzylbaş nowruzy günlerinde yzyny üzmän ýagýan gar gatyşykly ýagyşyň içinden barýardy.
Bosgunlaryň köp sanysy açlykdan, batyp-çommakdan, sowukdan ýaňa heläk bolýa-
rdi.Şol ýesirleriň arasynda beýik sazanda GARA DÄLI GÖKLEŇ  hem bar eken.
Biziň şu günlerki “ Ỳandym “ ady bilen diňleýän sazymyz Garadäliniň ömür mukamydyr.çünki Ỳandym sazynyň 1 nji bölümi şol Hiwa sürüşligiň bosgynlygyň ,
Ahy-nalasyny suratlandyrýar.
Şonuň üçinem “ Ỳandym “ diňläniňde, Han atlylarynyň halys tapdan düşen ýesirleri
Gamçylap çalt ýöretjek bolşy, batyp-çomup, ýykylyp-sürşüp barýan garrylaryň, gelin
-gyzlaryň ahy-nalasy göz öňüne gelip, diňleýjiniň ýüregini gyýym-gyýym edýär.
Bu pajygaly ýagdaýy Garadäli öz sazy bilen beýan eden bolsa,Zelili şahyr ol uçurs-
yz agyr ýagdaýy :
 
                                    Sürüldiler il barysy eňşeşip,
                                    Pyganyna daglar-daşlar gymşaşyp
                                   Asman joşa geldi, Zemin gowşaşyp
                                   Bulutlar durdular nala, Seýidi
 
Ỳa-da
 
                                  Ỳesiriň ilersi barypdyr Tähran
                                  Gaýrasy dolupdyr Hiwa Seýidi
 
-Diýip, suratlandyrýar.
 
Sazyň ikinji bölümi Garadäli gökleň Hiwada ýesirlikde çeken agyr günleri hakynda, sazyň üçünji bölümi bolsa sazandanyň hor düşüp, gapy gezişi hakynda
 
Ynha, şu ýagdaýlara salgylansaň “ Ỳandym “ sazynyň birden döremän,köp ýyllar-
yň dowamynda kämilleşendigini göz ýetirmek kyn däl.
Döreýiş möwritini köp ýyllarda, köp wakalara bagly bolşy ýaly, sazyň ady hem dürli-dürlidir.Ilki başda sazyň ady ** Gara däli gökleňiň ýas mukamy ** bolupdyr.
Gara däli gökleň ölenden soň bolsa,ol saz özüni döredeniň adyny göteripdir.
** Gara däli gökleň ** bolupdyr.Iň soňunda bolsa bu iňňän kämil elegiýanyň taryx
-yndan bihabar kimdir biri,onuň plastinkada Gara däli gökleň adyna garaman Ỳandym diýip goýberipdir.
Bu elegiýa häsiýetli, Iňňän kämil aslyýetinde, uly göwremli eser Garadäli gökleňiň
Ömür mukamydyr.  
 
Ussadym               
Gönebege bagyşlanan ol mukam
 
Kel bagşy ýaşka öz döwrüniň uly halypasy AMANGELDI GÖNEBEGE şägirt bolup dyr. Şonuň üçin ýaş sazanda 7 ýyla golaý Gönebegiň öýünde bolup, saz öwrenipdir.
 
Kel bagşy Gönebegden tälim alyp kämillige ýetensoň öz halypasyna bagyşlap
“ Ussadym “ diýen sazy döredipdir.Kel bagşy özüniň “ Ussadym “ sazynyň birinji bölüminde Gönebegiň aýalynyň Ỳetişiklidigini, Işeňerdigini,Hyzmatlydygyny teswirlä-
pdir.Şonuň üçin “ Ussadym “ diňläniňde maşgalanyň hyzmatyna gaýym Türkmen zenanynyň öýüň ortasynda oturyp mäşirik saraýyşy, her aýagynyň başam barmagy-
na bir sallançag bagyny orap, iki sallançagy bir wagtda üräp, çagalaryny hüwdeleýşi
göz öňüne gelýär.Şonuň üçin sazyň kakuwy hem üwrilip duran sallançagyň gidip-gelip duran badyna meňzäp dur.
“ Ussadymyň “ ortaky bölümi bolsa iki ýana hallan atýan mäşirigiň pyrlanyp durşy kybaldaş gelýär. Sazyň soňky bölümi hem Gönebegiň alaşysyny ýorgaladyp barş
-yny göz öňüne getirýär.
„ Ussadym „ sazy hakda bir kiçijik hekaýam bar.
Bir gün Gönebek halypa şägirdi Allaberdini ýanyna çagyrdy-da, oňa Yzganda gidip agşama çenli kakasyny alyp gelmegi tabşyrdy.
Allaberdi agşamara kakasyny alyp gelende öýde Gönebek halypdan başga-da üç- dört sany ak sakgal ýaşuly otyrdy.Salam hälekden soň Gönebek halypa myhmanlar-
yna ýüzlendi :
-- Adamlar ynha, şu ýigid-ä meniň şägirdim bolmaly.Ilki gelende oglanjykdy, indi ýigit çykdy, bu zaňňyr ady Allaberdi.Men-ä muňa „ Kel Han „ diýýän.sebäbi meniň ençe ýyllap ony eýt, muny beýt, diýen iňirdilerim munuň saçyny düşüripdir.
Ynha, bu gyrçuw sakgalam onuň kakasy Aýdogdy ýuwaş.Gaýraky Yzgantdan gelen
-dir.Oturymy şu ýerde.Siz maňa : „ Şu gün-ä Gönebek bize uly höwes bilen saz çal-
yp berer “ diýip, oturansyňyz….
Atabakar aga ýaşulylara seredip aýtdy:
--Hawa, biz-e şeýle bolar—diýip, gulak gabardyp oturandyrys.
--Ỳok, beýle däl, adamlar.men dutary elime –de aljak däl.bu gün meniň şägirdim, köp ýyllap çir-çitir bolup saz öwrenen kel hany synagdan geçirmeli.Munuň kakasyn-
am şonuň üçin çagyrdyk.Eger sizin synaňyzdan gowy geçip bilse, men muňa edil häzir pata berjek.Terde sakgalyny ýere ýetiräýjek bolup, egilip oturan Atabakar aga biraz dikelip gepledi.
--Baý- bow, Göni, bizi sen bu günbeýle iş üçin çagyran ekeniň – ow.
Beýleki ýasulylaram gozganyşdylar.Gönebek sözüni dowam etdi.
--Adamlar, Yzgantly sakgaldaşym Aýdogdy ýuwaşyň ogly Allaberdini meniň ýanym-
da ençe ýyllap saz öwrendi.menem bilenimi öwretdim.Indi muňa öwredip biljek zad-
ym ýok.Tüweleme, indi bu menden ozdurdy.Bolmalysam şeýle –dä adamlar.
Ỳaşulylar gök çaýdan nepeslerini durlansoň Gönebek halypa dutary şägirdine uzatdy :
--Hany, Kel han, ýasulylara „ Bolmuşamy „ edip ber.
Şonda şägirt „ bolmaşam „ sazy çalyp berdi.
--Heý tüweleme, senä Gönebegiň özüçeräk çalaýdyň muny– diýip, Kerwen aga saz
gutaryp-gutarmanka dillendi.
--Gümansyratmagyn Kerwen, özçüräk däl-de, özüçe...has dogrusy, gowrak çaldy diýsene – Diýip, Gönebek dikeldi.
--Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ýiter ahwetin.Hany Kel han „ Şadillini „ bir edip ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň kirşini gatyrak çekip, „ Şadillini „ çaldy.
--Adamlar, heý kemi barmy? „Ybraýym şadillini „ özümem ýaňky ýaly çalyp bilerin öýdemok.Jahyl oglanda, edil omrup barýar – how –Diýip, Gönebek halypa soňky sözüni aýtdy.—Makul bilseňmen-ä Allaberdi Aýdogdy ogluna pata beräýjek.
--Anha ogul, synagdana geçdiň, ak pata aldyň.Indi bize bir salym hezil ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň sapyny sypap güýmendi.Oglunyň hüý-häsiýetine belet Aýdogdy aga onuň bir zat diýjek bolýandygyny aňyp : „ Näme diýjek bolýaň ? çekinme-de aýdyber „ Diýdi.
Allaberdi ýere bakyp zordan gepledi :
Aý, Gönebek halypama bagyşlap bir heňjagaz taslapdym.Şony entek hiç kime-de eşitdiremokdym.diňe daga gidem-de öz-özüme çalyp berýärdim.Häzir şony çalyp beräýsem diýjek bolýan.
Şägirdiniň bu sözüni eşidip Gönebek halypa ýassygy tirsekläp ýatan ýerinden derrew dikeldi.Özi hakdaky täze sazy eşitmäge howlukdy.
Gönebek halypa bagyşlanan sazy eşitmäge hemmelerem howlagan bolara çemli, ýerli-ýerden seslendiler :
--Bäh, sen-ätüýs sägirt ekeniň – ow.
-- Ussat hakda saz düzdüm diýsene.
-- Hany, Göni, diňle bakaly öz heňiňi.
-- Hany, çal,ogul, ol niçek heňkä ?
Şonda Allaberdi bir saz çaldy.Ony biz günde-günaşa radion „ Ussadym „ diýip diňleý
-äris.Saz gutaran badyna Gönebek halypa şägirdiniň arkasyna kakdy.
-- Berekella,senden tama-da şeýledi.
-- Gönebek, heý armanyň galdymy ? ýaňky sazyň bir ýerinde dogurdanam seniň al-yorgaňy säpjedip barşyň ýadyňa düşýär.
-- Hany, onda ogul halypň Gönebege bagyşlan sazyňy ýene bir gezek çalyp ber bakaly. “ Ussadymyň “ saldamly kakuwlary ýaşulylaryň gowruny ýatyrdy.
Olar ýuwaşjadan sakgallaryny gymyldadyp, saz ummanyna çümüp gitdiler.
 
 
Goňurbaş mukamy
 
Şükür bagşy Eýrana gidip, Mämmetýar hanyň sazandasy Gulam bagşy bilen çakyny alyşansoň, zyndanda ýatan agasyny ýurda alyp gelýär.
Bu wakany “ Şükür bagşy “ kino filminde bilýärsiňiz.Olar dagyň kötel ýollaryndan gijä
-niň bir wagtyna çenliýöräp halys ýadadylar.Axyry obalaryna golaý gelensoňlar, dag-
yň baýyrlaç eňňidinde dynç almak üçin düşlediler.çünki Şükür bagşy obalaryna bar-
sa, mähelläniň dynç almaga goýman, daşyna üşjegini bilýärdi.Şonuň üçin ol agasy bilen daňdana çenli gözlriniň awusyny almak üçin atlaryny ota göýberip gyşardy.
Agasy şol bada uklady.Şükür ýyldyzlary petreşip duran dury asmana ser edip esli wagtlap uklamady.
--çapyk han ilerik gitjek bolamda „ Iş bitirip gelseň-ä gowy zat welin, ýöne iliňi- aýa-
gyňy daňyp Atyňa ters mündürip kowup göýberäýseler gerek „ Diýip gyjytly sözüni aýdypdy.Hudaýa şükür, ony etdirmedik, agam gowuşdy diýip, içini gepletdi ýatdy.
Axyry onuň begenji, büýsanji,tolgunmasy süýji arzuwlar bilen utgaşyp, soňy düýşe ýazyp gitdi.
.... Ỳaňy dogan günüň tygy ýüzüne degensoň Şükür bagşy syçrap ýerinden galdy-da, gapdalynda ýatan agasyna seretdi.Zyndanda oturyp gaty ýadan bolara çemele, ol süýji okuda ýatyrdy.Onsoň Şükür ho-ol aşakda ýaýyliyp ýatan küren oba seretdi.
Ol oba Şüküriň öz obasydy.Oba uzakda bolsa-da belent baýyryň üstünden täze dog
-an günüň şöhlesine edil eliň aýasynda ýaly görünýärdi.Oba oýanypdyr.
Her ýerde, her ýerde-de tamdyryň agzyndan çykýan tüsse guýlum-guýlum bolup dyk asmana galýardy.Han-ha eýýäm sygyr çopanam mal sürüsini öňüne salyp örä ugrady.Kim atly, kim eşekli, obadan saýlanyp barýan adamlaryň hersi bir tarapa gid-
 
-syny çykaryp ot ýakdy. Tüňçäni jürdikdäki suwdan dolduryp oduň gapdalynda goýdy.Onsoň ol ýenede obasyna tarap ser etdi.Oba parahatlykda,şadyýanlykdy.
Gidenine sähel gün geçenem bolsa, Şüküriň göwnüne köp wagt geçen ýalydy.
Hanha, obanyň günbatar çetindäki Mälikgul aganyň töweregi gaýda-gaýmalaşyk.
Ol bü gün toý tutýandyr.Ol maňa “ Şükür jan biz toýumyza Durdy bagşyny çagyrjak-
dyrys weli, aňyrujy ýetişip bilseň , senem ýetişjek bolawergin “ Diýipdi.
Heý Durdy bagşy,Durdy bagşy…Damanaň piri Durdy bagşy, sen geçen ýaz bagyr-
da bir toýda aýdym aýdaňda menem ýanyňda saz çalypdym.Şonda sen birden dik asmana galyp, birdenem pesaýlaýan zaryn owazyň bilen oturanlaryň gözüne ýaş aýlapdyň.Aýdymy zaryn aýtmakda o dünýä bu dünýäsen ýaly barmyka?şol taýda:
                                        
                                           “ Dünýäni bir gözde gören.
                                            Adyl bolup älem soran.
                                            Döw- perige patyşah bolan,    
                                            Şahy Süleýman galmady „ 
 
Diýip,bozlanda öýden içre Amanaly aga : Köňülde arman çoxdur, bu nalyşa ýürek parlandy „ diýip bagyryberipdi.
Howwa nesip bolsa bu gün agşam toý bolar, Durdy bagşam geler.Gör bu zatlary, üsti-üstüne hezillik.Ynha, Mälikguly agaň , toýunda-da ýetişdim.Anha : eýyäm ýaryşa hyýaly bolan ýigitlerem atlaryny gezdirip başladylar.
Şükür obasynyň şu günki parahatçylygyny özüm gazandym hasap edýyärdi.
 „ Eýsem-de bolsa, parahatlyk bolmanam bilerdi... „
Şükür öňňüniki alamana gidijek bolşuny ýatlady.çapyk han obanyň ýigitlerini ho – ol görünýän gyzgylt öwsüp ýatan takyra ýygnapdy. Anha, şol at toýnagynyň yzyndan ýaňa edil petir bezilen ýaly bolup ýatyr.Olara ýolbaşçylyk etmeli çapyk han agzynd-
an ak köpük saçyp gazaba münýärdi.
Şol takyrlyga ýygnanan atlylar Şüküriň zyndanda ýatan agasyny halas etmek üçin Mämmetýar han bilen çaknaşyga gitmelidi.Gan döküşli uruş bolmalydy.
....Şüküriň Gulam bagşynyň durşy bilen düwmeli bezelen piliň üstünde saz çalyp gelşini görüp süssiniň basylanyny agasyna aýdasy geldi.Öte keýip çaglykdan hem bitirip gelen işine çäksyz büýsanji sazandany diyseň hoşdurdy.Ol haýdap baryp beýlede otlap ýören atyň ganjygasyndan asylgy keçe gaply dutaryny aldy.Gelibem agasynyň edil baş ujunda oturyp saz çaljak boldy.Ỳöne bolmedy.Ertiriň dag tarapd-
an öwüsýän pesaý şemalyna baş atýan goňürbaşlar sazandany haýsy saza başlasa ýalňyşdyrdy durdy.Bir sazyň kakuwsyna başlasa, goňurbaşyň tolkuny onuň elini çaşdyrýardy.Ahyry sazandanyň eli hem goňurbaşlaryň hereketine gara kakuw edip başlady.Ỳöne welin diňe kakauw bilen saz bolýarmy name!
Esli wagtlap goňurbaşlaryň tolkunyna görä dutaryny kakdy oturdy, kakdy oturdy…
Birdenem sazandanyň barmaklary baş perdäniň üstünden indide biçak büýsançli owazlary düwmelendirip-düwmelendirip göýberdi.Onsoň şol bir saz taslamasyny gaýtalap outran sazandanyň barmaklary bäşinji perdä bardy-da uçursyz inçe äheň-
li saz öwrümlerini hem öňkileriň yzyna sepläp göýberdi, weli, täze bir aýakly – başly sazyň sudury boldy duruberdi.Täze taslanan sazy Şükür gaýtalap birneme bişirdi. Onsoň naýza boýy galan günüň ýylysyna meýmiräp ýatan agasynyň egninden silkeledi.
-Agasy, agasy! Tursana, sen bi sazy diňläp görsene, tur indi, hanha obamyz görnüp
dur, çaltyrak tur, çaýsyradygam.Anha, tüňçede gaýnady.men çaý demleýänçäm ukudan açyl hany…..
Be, içi zeýili zyndan meni gowy söküpdir –Diýip, Şükrüň agasy birki owurt ajy çaý içensoň ýuwaşja dillendi.
--Hany, ýaňy saz diňle diýdiň weli, çal, eşideýli.
Şükür agasy ýatyrka taslan sazyny inden öňden türginleşen sazy ýaly edip uly hüj-
üw bilen çaldy.Agasy börtüläp duran gabaklaryny galdyrman esli salym durdy.Şol oturşyna-da Şüküre sorag üstüne sorag oklady.
--Bi sazy ön-ä çalaňokdyň, şeýledälmi?
Ỳogsada bu sazy kimden öwrendiň?
--Hiç kimden öwrenemok agasy.
--Onda bu saz name asmandan indimi?
--Ỳok, agasy, biz sazy şu ýerde tapdym.özüm düzetdim.
-- Ỳogsa-da, bi sazy nädip düzdüň.Äl gowy saz ekeni-aýt!….
--Agasy, bu sazyň kakuwny-ha şu şemal ugruna tolkunýan goňurbaşlardan aldym- diýip, töweregine göz aýlady. – ine bu düwmelendirip çalynýan buýsançly ýerlerin-
em, seni zyndandan boşadynyma bolan begenjimden aldym.
Onsoň Şükür birneme çekinjeňlik bilen ýüzüni agasyndan ters tarapa sowdy.
-- Sazyň iň soňki bölegi name,Ataly agaň gyzy Akjagül ýadyma düşdy weli, birden elime geläýdi.Inha agasy, bu saz – ha şeýle düzeldi.Bu meniň ilkinji saz düzüşim. Nähilli gördüň diňleseň boljakmy?
-- Gaty bolar Şükür jan, diýseň buýsançly saz.Berekella inim! – diýip,Şükrüň agasy aşakda ýaýylyp ýatan küren oba göz aýlady.Ỳolboýy ýüzi açylman gelşine ilkinji gezek Şüküre seredip ýylgyrdy.Inisiniň engine elini goýdy.
-- Ỳör, inim, çaltyrak baraýly, gelinejeňem gözi ýoldadyr,jigileňem göresim gelip gitdi.Özüňem indi hergiz saz çalaňda, ilki bilen ýaňky “ Goňurbaşdan “ başlagyn.
-- Bor agasy.
                                                                                     Allaberdi durdiýew
                                                                                  Sungat synçysy.
  
Hajygolak
 
Hiwanyň hökümdary Allaguly han köplenç öz Türkmenleriniň üstüne çapawulçylyk edipdir.Bir çapawulçylykda bolsa, onuň leşgeri tutuş bir obany diýen ýaly sürüp han-yň hüzürine eltýär.Han leşgeriň tutuş bir obany sürüp getirmegi aýratyn bir sebäbi bardy.Olar Hajy sazandanyň obasynyň adamlarydy.
Allaguly han haji sazandany öňem üç gezek köşgüne çagyryp, han sazandasy bolmagyny towakga edip, köp ýalbarypdy.Emma Hajy sazanda boýun bolmady.
Ummasyz halat – serpaý hüdürledi.Şonda-da Hajy köşk sazandasy bolmakdan ýüz öwürdi.
Ynha, bu gezek bolsa Allaguly han “ Ederini bilendirin “ diýip, içini gepletýärdi.Şonuň üçin arz soraýan jaýyna Hajy sazandaň girenini göreninden tagtda outran ýerinden arkan gaýyşyp, jakgyldap güldi.Onuň gülküsi bütin köşgi ýaňlandyryp gitdi.
-- Ỳeri, Hajy ýeser! Ỳagdaýlar niçek?
-- Erbet däl Han.
-- Ỳogsa-da, sen ol saraýdaky ýesirleri gördüňmi?Olar seň ildeşleriň-ä däldir-dä ? 
-- Howa, Han, şolar-a meniň ildeşlerim.
-- Bilýän bolsaň, Hajy ýeser, gel egri oturup, dogry gepleşeli.Barybyr sen näçe ýeser bolsaňam, şu gezeg-ä otulan bolsaň gerek.Aýratyn seň obaň ulydan-kiçe sürülmegi-
niň sebäbine gözüň ýetýän gerek.
-- Hawa, düşünýän han, bu wagşylygy sen meni amana getirjek bolup edensiň.  
-- Ony bildiň, sazanda, hany indi amana gelmän-em bir gör, ildeşleň baryny dara atyp taşlaýyn.
Hajy sazanda ýüzüni esli aşak salyp durdy.Ahyry ulydan demini alyp gürledi.
-- Bolýa, han, men seň köşgünde üç ýyl sazanda bolup bereýin.
-- Baý-bow üç ýyldanam bir zat bolarmy?!
-- Bar bäş ýyl bolsun han.
-- Ỳok, az bolýar, maňa hemişelik gerek.
-- Gel, onda bir zat edeli, bendeleri häziriň özünde boşat, onsoň men saňa ýedi ýyl hyzmat edeýin.7 ýyla çenlem bir sazanda şägirt ýetişdirip bereýin.Ine, han, meň gutarnykly jogabym.
Allaguly han esli salym duňuz diňini salyp oturdy.Onsoň başyny galdyrdy-da sypaýy gepledi :
-- Ynha, bu şertiň bilen ylalaşýan.7 ýyl köşkde sazanda bolsaň, şol möhletiň içinde-de, bir şägirt ýetişdirip berseň, maňa bolýar.Şertiň Kabul Hajy sazanda.
 
                                              ************************
Bir gün Allaguly han ir ikindinler ,ýaňy garaňky gatlaşanda ukudan oýandy.Bimahal ýatyp, bimahal turany üçinemi, ýa-da şeraby aşa köp içeni üçinmi, garaz hanyň haly teňdi.Ỳüzünden gar ýagýardy.Hanyň keýpini , onuň daşyna hozanak bolýardylar.
Öňüne çaý getirildi.Han “ Ỳok ediň “ diýen manyda elini salgady.Gyzlar öňünde oýnap başlady.Han birneme imrijek ýaly etdi-de, olara-da “ ýok bolsun “ diýip, elini salgady.Hyzmatkärler name etjeklerini bilmän elewreşdiler.Allaguly han, agzyny ýokaryk tutup yzly-yzyna pallady.Onsoň hyzmatkärlerine gözüni agdaryp seretdi-de, elini dutar kakýan ýaly hereketlendirdi.Şo bada Hajy sazanda häzir boldy.Sazanda dutaryny düzüp, çalyp başlady.Kaşaň köşkde dutaryň sesi has güýçli ýaňlanyp gümmürdedi.
Esli salym çalansoň han elini salgap sazandany saklady :
-- Hany, sazanda, bu çalýan sazlaňy men öňem ýüz gezek eşidim.Täzesini çal, täze
-sini ! heniz eşitmedik sazlamdan, düşündiňmi ?
Sazanda dutaryň gulagyny towlap, has belent heňlere tutdurdy.Han ýene-de elini salgady.Dutaryň sesi tapba ýatdy.
-- Hajy ýeser, sen ýesersireme-de meň diýýän sazymy çal !
-- Syzyň diýýäniňiz haýsy sazdyr hökümdar ?Adyny aýdyň ahyry.
--Ynha men ýaňy ýatyrkam gulagyma bir owaz geldi.Ana, şol owaz iňňän şirin owaz ekeni.Ana, şony çalyp ber maňa, Hajy ýeser ! Düşündiňmi ? ….
-- O nä owazdyr hökümdarym ?
Han zöwwe ýerinden galyp heňkirdi :
-- Şony bilmeseň, sendenem bir sazanda bolarmy ?
Hanyň dikdüşdüligini edip, gazaba münendigini gören sazanda eşidilmedik owazlary gözläp, gör, nirelere tutdyryp barýardy.çalyp oturşyna hanyň ýüzüne-de göz aýlaýar-
dy.Hanyň ýüzi käte ýagtylajak ýaly edýärdi-de, ýene-de öňkidenem beter çytylýardy.
-- Bes et !!! .. Jellat !!!! ….
Eli aýpaltaly,ýüzi gara örtükli iki sany maxluk gelip, hanyň öňünde tukga ýatdy.
-- Hajy ýeseriň kellesini alyň !
Senden sazanda bolmaz ! Barybir möhleti dolansoň gitjekmiş.başga ýerik baryp bir saz çalmasyn.Kesiň başyny !
Jellatlar dikelip, Hajy sazandanyň hersi bir gapdalyna geçdi-de, aýpaltalaryny ýoka-
ra galdyryp, buýruga garaşdylar.
-- Hajy ýeser, iň soňki sözüňi ayt ! .. Onsoň ….
-- Aýtsam, han, bi ýerde, kelle alar ýaly, meň günäm name ? şoni bir ilki aýat…
Ỳaňky çalan sazymy sen hiç haçanam eşiden dälsiň.mende nä günä bar ?
-- Sen ukuda ýatyrkam gulagyma gelen owazy çalyp bilmediň. Ine, seň günäň, düşündiňmi ?
-- Onda han, gel ikimiz bir zady şertleşeli.
-- Aýt şertiň bolsa tizräk ;
-- Aýtsam han, sen maňa ýekeje gije pyruja ber.Ertesi seň diýýän sazyňy çalyp bilmesem, onsoň meniň kellämi alaý.Nähilli görýäň ?
-- Bolýa, men saňa ertire çenle möhlet berýärin.
Ana, şol pyruja berlen gije sazanda öz şägirdi bilenbir saz döredipdir.Ol saz hem pajygaly,hem buýsançly,hem begençli,hem gynançly saz bolupdyr.
Ertirsi Hajy sazanda Allaguly hana şol sazy çalyp beripdir.
Bolsa-da sazandanyň bir gije-de döreden täsin sazy hany haýran galdyrýar.Ỳöne Allaguly han namartlyk edipdir.
-- Meniň köşgümden başga şular ýaly ajaýyp saz ýaňlanmasyn—diýip, Hajy sazan-
danyň barmaklaryny kesipdir.
Şondan soň, Hajy saz çalyp bilmändir.Ỳöne onuň hanyň gazaby astynda döreden sazyny şägirdi ile ýaýradypdyr.Özem sazandany adyna hem onuň maýyllygyna baglanyşdyryp, ol saza, “ HAJYGOLAK “ diýip at dakypdyr.
 
                                                                                 Allaberdi durdiýew
                                                                                 Saz öwreniji.           
         
Berkeli çokaý
Azatlyk çokaýyn tiken Berkeli
 
XIX Asryň ortalarynda Türkmenler esasy iki sany uly hanlyga birigýär.Ol iki hanlygyň birine NURBERDI HAN, birine-de GOWŞUT HAN baştutanlyk edýär.
1855nji ýylda Gowşut han güýçlenýär.çünki, onuň hanlyk edýän ýerine Murgapdyr, Tejen derýalarynyň orta hem aşak akymynda ýaşaýan Türkmenler girýär.Uly siýasy hem-de harby güýje eýe bolan Türkmenler indi öň ýeten basybalyja salgyt beresi gelenok.Şonuň üçin şol döwürde Türkmenler Hiwa hanlygyna salgyt tölemekden boýun gaçyrýarlar.
Türkmenleriň özüne salgyz tölemeýänligine nägile bolan Hiwa hany Mädemin (mohmmed emin han )Gowşut hany gepleşige çagyrýar.Şo gepleşikde Mädemin han Gowşut hana şeý diýýär :
-- Seň hütjet Türkmeniň öten ýyl-a, ýyl gurak geldi, ygal bolmady, şoň üçin ekinden hasyl alyp bilmedik.—diýip, salgyt bermedi.
 Ondan öňki ýylam ekinler ýaňy hasyla duranda çekrtge aldy – diýdi.Mallaňam baryny çerrik degdi – diýip,salgyt bermediler.Aý garaz her hilli bahana tapyp seň Türkmeniň soňki ýyllarda maňa oňly salgyt tölänok.
Şonda Gowşut han Mädemine :
--Aý, Mädemin han, sen oň üçin hapa bolma, ynha, bi ýyl oňat geldi.Gyşy gyşa, ýazy ýaza meňzedi.Bi ýyl bol hasyl alarys.onsoň saňa öňki-şoňki tölemedik salgytlar
-ymyzyň baryny bereris – diýip, ony süýt kölüne çümdirip gaýdýar.
Güýz düşýär.hasyl ýygnalýar.Emma Mädemin hana zat baranok.Muňa beýik Hiwa hanlygynyň hökümdary bolmajasyny bolýar.Gahary gelip, gazaba münýär.
Onsoň ýene-de Gowşut hany gepleşige çagyryp, salgyt tölemeýändikleri üçin Türk
-menleriň baryny uçdantutma gyryp ýok etjekdigini aýdýar.Namartlyk edip düýdürm-
an üstümize döküldi – diýip, armanly bolmaz ýaly, söweşe taýýarlanmaga 3 aý möhl
-let berýändigini aýydýar.
Gowşut hanyň : -- A-how Mädemin han, gel ganly jeňe baş goşmaly, ylalaşaly-diýen
Töwellasynam alman dergazap bolýar.
 Onsoň Gowşut han Mädemin han bilen birýaňalyk etmek üçin uly hem aýgytly söweşe taýýarlanyp başlaýar.
Bu söweş Türkmeniň geljekki ykbalyny çözmelidi.
Şeýlelikde, Gowşut han Saraxsda söweşe taýýarlyk group başlaýar.Gowşut han, ilki
Bilen, öz atlylarynyň eşigini üpjün etmegi dogry hasap edýär.çünki, aýagyň çepekli, egniň ýalaňňat çäkmenli gyş günleri duşmana garşy aýgytly söweşe gurup bolmajagy belli zat.
Şoň üçin Gowşut han sowut tikip bilýän ussalary, at üçin uýandyr çeki tikip bilýän ussalary, çokaý tikip bilýän ussalary ýygnaýar.Şol ussalaryň arasynda Berkeli diýen bir adam çokaýy çalt hem berk tikmekde hemmelerden tapawutlanýar.Ol halkdan gön ýygnap, ýanynda 30 – 40 sany kömekçi adam alyp Mädeminiň geljek wagtyna çenli kän çokaý tikip ýetişýär.Dolak, çäkmen dokaýan aýallaryň toparyna hem Berke
-li çokaýçynyň özi ýolbaşçylyk edýär.Uly söweşe şeýdip ykjam taýýarlyk görünýär;
Güýzüň ahyrynda Hiwa hanlygynyň beýik hökümdary Mädemin han agyr leşgeri
Bilen Saraxsa gelýär.Söweş başlamazdan öňürti Mädemin han Gowşut hana haýb
-at atýar :
-- Gedem Türkmen, taýýarlanma kemin galan däldir.Armanly bolsaň aýt, ýene taýýarlanmaga müdet bereýin, bolmasa-da çyk söweşe – diýýär.
Gowşut han oňa ýene-de töwella edýär.
--Mädemin han, gel ganly söweşe baş goşmaly, sen gaýyt, bize azar berme –diýýär.
Emma Mädemin han oňa :
-- Ertir söweşe başlaýas, bar düýeboýun öwülýä-dä senden bolsun soltan Sanjaram senden bolsun — diýip, haýbat atýar.
Şeýlelikde, söweş başlanýar.Mädemin hanyň goşuny san taýdanam, ýarag babatda
-da Türkmenlerden has ýokarda ekeni.Şoň üçinem bu söweşe Türkmen zenanlaram gatnaşypdyr.Olar aýaklaryna çokaý, eginlerine çäkmen, başlaryna telpek geýip, Mädemine garşy söweşipdirler.Olaryň esasy ýaragy bolsa, taýagyň ujuna berkidilen
gyrkylyk, synny bolupdyr.Mundan başga-da Türkmen topragynyň ähli ýerinden atlylar kömege gelipdirler.
Netijede Mädemin hanyň goşuny derbi – dagyn edilip, onuň özi hem öldürlipdir…
… Şondan soň Türkmenler tä1881nji ýyla çenli, ýagny oruslar gelýänçä hic bir hanly
-gyda, hiç bir döwletede bakna bolman, özbaşdaklykda ýaşaýar.
Öňki döwürde her bir daşky duşman bilen bolan söweşde ýeňiş gazanylsa, şondan soň ýeňiş toy tutulýarekeni.Şol ýeňiş toýunda edermenlik görkezen ýigitlerebagyşlap
Şahyrlar goşgy goşýar, sazandalar-dyr, bagşylar bolsa,gahramanlyk görkezen ärle -re bagyşlap aýdymdyr, saz düzen ekenler.
Ine, Mädemin han bolan söweşde hem berkeli çokaýyň tiken çokaylary, ýasan eýerd
-ir,uýanlary ýeňiş gazanylmagyna ýardym edipdir.
Şoň üçin sazandalar Berkeli çokaýça bagyşlap, “ BERKELI çokaý “ diýen sazy düz
-üpdirler.Şu ýerde ýüz ugurda aýdyp geçmeli zat bar.Elbetde, şeýle uly söweşde ýe-
ňiş gazanmakda edermenlik görkezen zenanlar hakda, gahramançylyk görkezen ärler hakda başga-da köp goşgular, aýdym – saz düzendirler.Ỳöne olar edil “ Berkeli
çokaý “ sazy ýaly kämil bolmany üçin asyrdan asyra, ýagny XIXasyrdan XX asyra aşyp bilmändir.Her bir asyr özünden soňki asyra peşgeş berjek bolanda : edebiýat, sungat eserleriniň iň kämillerini berýär.Ỳöne-möne zatlar asyrdan asyra aşyp bilmeý
-är.
Bu saz bizi ýene bir zat hakda oýlandyrýar : Her bir döwletiň, onuň baknasyzdygyny, garaşsyzlygyny goramakda ýönekey çokaýçydan başlap, hana çenli uçdantutma hemmäniň tagallasy zerur.
 
  Allaberdi durdiýew.
 
  Ybraýym şadilli 
  
1860nji ýylda Ahal hany Nurberdi hanyň  häkimligi yokary göterilýär.Häli-şyndy çozup, Türkmeni talap duran alamançylaryň aýagy kesilýär.çünki Türkmeni talamak üçin uly güýç bilen gelmeseň, indi ol ýüz atla, iki ýüz atla eýgertjek däldi.Şonuň üçin bolsa gerek,Eýranyň Bejnurt hanlygynyň häkimi Ybraýym han hem Nurberdi han bilen birek-biregiň üstüne dökülmezlik, birek-birege talamazlyk dogursynda ylalaşyga gelýärler.
Bu siýasy waka, goňşy ýaşaýan iki halkyň, ýagny Eýranyň Şadilli taýpasy bilen Türk
-meniň Ahal ilatynyň arasyndaky parahatlyga güwä geçýärdi.Kepetdagyň güneş tarapynda ýaşaýan Şadilliler bilen Kepetdagyň kölgeý tarapynda ýaşaýan Türkmen-
leriň arasynda indi öňki ýaly häli – şyndi çaknaşyk bolup durmaýar.Şonuň üçin il içinde asudalyk aralaşdy.
Emma weli, özüne göwni ýetýän Dykma serdar bir gün öz ýigitlerini daşyna ýygnap,   
Olara şeýle diýýär :
--Ỳigitler, Nurberdi han bilen Ybraýym han şertnama baglaşypdyr.Ỳöne biz şonda-da Nurberdi gyzyldan gizlin alamançylyga gitmeli bolýarys.Ynha, dänim,öňümiz gyş.
Gyş güni hurşlyk mal, palowa atar ýaly kişmiş, xurma ýaly zatlar edinmeli.Busup ýat
-saň zat bolmaz.Şertanama baglanyşsa Nurberdi han baglaşypdyr.Biz baglaşamyz-
ok.Inha, şo maslahatdan soň Dykma serdar atlylary bilen Eýranyň Bejnurt hanlygyn
-yň çetki obalarynyň biriniň üstüne dökülýär.Emma Dykma serdar özüniň 10-12 nökerei bilen ýesir düşýär.Ybraýym han Dykma serdar dagyny zyndana taşlaýar.
Köp wagtlap olaryň yzyndan baran bolmaýar.çünki, öň öz aralarynda şertnama bolan
-soň Nurberdi han Ybraýym hana hiç hilli sala salmaýar.özüniň äsgermänligi üçin Dykma serdara käýinýär.
Ahyry Nurberdi han Şükür bagşynyň ýanyna baryp şeýle diýýär :
--    Bagşy, bolmasa bir iş bolupdyr.Ötki, Dykma serdar kakabaşlyk edip alamana gidipdir.Üstesine-de ýesir düşüpdir.Meň-ä ýüzüm ýok töwella gitmäge.sebäp öň bar
-mak basyp şertnama baglaşypdyk, Ybraýym han bilen indi men nädip oň gözüne görneýin.Ol maňa : “ heý, keçe telpek Türkmen, sizde hey ykrar bolmazmy ? düýn dälmidi birek – biregiň üstüne dökülmeli däl diýip, şertnama baglaşanmyz.hany o şertiň nire gitdi ? “ diýer. Şeýdibem üstümden güler.Şoň üçinem men-ä hanyň gözüne görünmäge utanýan, nä ýüzüme baraýyn.
Gepiň küle ýeri, name diýsene, Şükür bagşy, men senden towkga edýän,Bejnurda sen töwella gidäy.Ỳogsa-da sen öňem käte Ybraýym hana saz çalyp berip gaýdýaryň
ahyry.Geçen ýaz Bagdat gyzyna öylenen-de, seni toýuna çagyrypdy.Seň ýüzüňden
geçip bilmez.Howa Dykmany şeýdip boşadaly.Ỳogsam zeýili zyndanda gözüni garaldyp oturandyr o peläket.Gaýrat et-de,olary boşadyp alyp gel.Nätse-de özüňki-dä.Ỳogsam-ä ylalaşyk barka beýdeni üçin garagyň çyksyn diýäýmeli welin …..
Hany gaýrat et-de bu gün – erte ugra bakaly.
Ine şu maslahatdan soň Şükür bagşy Bejnurt hany Ybraýym hanyň üstüne gidýär.
Baryp, habaryny aýdanda Ybraýym han ör-gökden gelýär.Iki sany beýik hanyň ylala
-şygyny bozup, talaňa geleni üçin Dykma serdra agyr jeze berjek digini aýdýar.Nur-
berdi hana gatyganýar.Galmagal edýär.     
   
Şükür bagşy tä han köşeşýänçä sesini çykarman oturýar.Axyry ardynjyrap ýuwaşja gepleýär :
--Ybraýym han diýýän-ä, meň-ä zarym bar,zorum ýok.sebäp günä bizde.wadany bozan biz.Ỳöne name, Dykma serdaram bir yňdyrma adam-da.Ỳogsam iliň hany möhür basyp,äht edensoň her kim edenini edip ýörse bolmaz ähbetin.Ỳöne indi bolmasy iş bolupdyr.Nätse-de ylalaşykly çözmeli bor bi düwüni.
-- Ylalaşykly, çözmeli bolsa, bagşy ýigit, Dykmaňyzy zyndandan boşatmak üçin agyr salgyt tölemeli bolarsyňyz.
-- Aý, han aga, salgyt meseläňizi goýaweri.Öňem ilde zat ýokur.
-- Onda sen nähilli çözmekçi bi meseläni, hany aýt-da, meň ýerime özüň bolsaň näderdiň ?
-- Nätjegimi bilemok han aga, ýöne men bir temsal aýdaýyn.Şolam saňa ýarasa gerek.
Han bilesigelijikli bilen owsundy.
-- Hany aýt, o nä tymsalmyş?
--Aýtsam bejnurt soltany, men seň adyňy kyýamata axyry boýunça ýytmez ýaly etjek.Ynsaniýet näçe ýaşasa, seň adyňam şonça ýaşar ýaly etjek.      
-- O nähilli meň adymy müdümlik ýaşar ýaly etjek?
-- O my, seň adyňa bir saz döretjek.Ana,şolam seň adyňy ömürbaky il içinde tutular ýaly eder.Ỳöne maňa biriki gün puryja ber.özünem asuda bolsun.Adam maňa päsgel bermesin.
Han töweregine göz aýlady-da :
-- Bolýa, seň dieniň bolsun.—Diýidi
Üç günden soň Şükür bagşyny hanyň huzuryna getirdiler.
-- Ỳeri, Şükür bagşy, hany, üç günde name iş bitirdiň.Aýt, göreýli.
-- Han aga, öňat saz döretdim.Adyna-da Ybraýym şadilli diýdim.Hawa, Ybraýym-a öz adyň.Şadilli seň taýpaň ady.Ybraýym han diýsemem bolardy weli, ýöne Ybraýym şadilli bolanda has gowy bolar.Hemmä mälim bolýar.
Han ähli aýallaryny, çagalaryny ýanyna çagyrdy-da, durşy bilen gulaga öwrüldi.
-- Hany, çal onda sazyňy.
-- Han aga, sazy gowy diňle, bi sazda seň Nogaý aýalyň öýmudykläp ýörişide, Kürt aýalyň tans edişi-de, Pars aýalyň näz kereşmesi-de, Gülkamar gyzyň şadyýanlygy-
da, Bagdatdan ýaňrak alan gyzyň näzeninligide, çar bagyňda saýraýan bilbilliň owaz
-da bardyr bu sazda.—diýip, “ Ybraýym şadillini “ çalyp berýär.
Bu saz hanyň aýallaryna-da, çagalaryna-da, özünede diýseň ýaraýar.
Bejnurt hany Ybraýym han öz adyna döredilen sazy özüniň köşk sazandasyna öwre
-denden soň, nökerleri bilen Dykma serdary ýesirlikden boşatýar.Şükür bagşa bolsa, halat, serpaý ýapyp yzyna ugradýar.
Hawa,bu sazy biz şu günde-günaşa Radiodan “ Ybraýym şadilli “ diýip diňleýäris.
 
 Allaberdi durdiýew.  
 
  
Barçalary agladan şol
Atçapar
 
Aýdogdy aga süýrgünortanlar öýüne dolandy.Gelse öýünde myhman bar ekeni.
Ol myhmanlar bilen saglyk-amanlyk soraşdy.Demlenip getirlen gök çaýy olaryň öňüne süýşürdi.Özem bir çäýnegi öňüne çekdi.Ara düşen dymyşlygy myhmanlar bozdy.
-- Aýdogdy aga armaweriň !
-- Bar bol oglum.Bi ýyl daýhan bolup,armasa bolar-da.Ỳogsada,ýigitler,menlik işiňiz
iz bolsa aýdyp oturyň.Meniň-ä gürrüňim gutarmaz.
--Aýdogdy aga,habarmyzy aýtsak,özümiz-ä Kazy oýundan.Körpe inimiziň aýagyny duşmakçy.Şol toy sowar ýalym bagşy diýip gelşimiz.Sähet çopan diýseň,gumlular tanar!
-- Hoş habaryňyz bar eken.Allaberdi janyň aşygy diýseňizläň.gaty gowy, onuň başy dik bolsa mähetdel etmän toýa barar….
Gumlular gaýdansoň,üç gün diýilende Allaberdi öýe dolandy.Oglunyň salam berşin-
den gaty argynlygyny aňsa-da,Aýdogdy aga gelip-gidenleriň sargydyny bada-bat aýtdy.Allabardi çokaýynam çykarman düşegiň üstüne göwresini göýberdi.Ulydan demin aldy.
-- Kaka, toýam toýdyr weli,hany oraga haçan başlaly? Men-ä günde-günaşa ýolda. Öýe kömegim degenok.
--On-a gaýgy etme. Bagşy diýeniň il ogludyr.iliň ýumuşyna ýarasaň, ataňa-da köm-
ek berdigiň bor.
-- Be… 
--Aý ogul, ene-ataň bir nydar eder-le.ýöne iki gözüň dört bolansoň, ýagdaý kynlaşaý
-masa ýaban ýatyp ýörmegiň bir hilli.Ana, şol gelne agyrrak düşäýbiridir.
-- Be, Kaka, şu diýňirä gitseň bile gitjek bolsaň ber habary.
-- Ogul, diňle,bir tymsal aýdyp berýin.Obada bir owadan gyz bolupdyr.Aýdym-sazyň
-am ölemen aşygy eken.Ene-atasam gyzlarynyň häsiýetine belet bolansoňlar, göwn
-üni ýykman, bagşa beripdirler.Näme,aý-günem geçip dur.Günleriň birinde ol gyz atasy öýüne görme-göreşe barypdyr.Goňşy-golamlary üşüpdirler.Hal-ahwal soraşyp
-dyrlar.Gürrüňden gürrüň çykyp giýewlerini sorapdyrlar.Adamsyndan içi tütäp duran gelin : Wax, jan doganlar,täzeden barmaly bolsam,bagşa-ha däl,bagşyly obda äre barmazdym.Diýipdir.menem,oglum,şol gürrüňden çekinmän duramok.Biziňem edinjek gelnimiz şeýle tetellilerden bolaýsa-ha , näbleýin-d䅅
--Kaka,beýle bir gyz almarys başgalaram bar-la…
Kel bagşy toýa gitmek üçin irgözünden ýola düşdi.Ol 4nji gün agşamsy Kazy öýünä ýetdi.Sähet çopan,kel bagşyny hormatlap,bugurçyny özi çökerdi.Gadyrly salamlaşdy
-lar.
-- Kel bagşy, adyň bilen aşnadyrys.Tamamy ödediň,berekella.Sag-aman geldiňizmi? Ahal illeri saglykmydyr?
-- Dogaý salam ýoladylar.
-- Iberen getiren sag bolsun,hany öýe gireliň,adamlar.Sazanda öňüni başla—Diýip,    
Sähet çopan sözüni soňlamanka,Kel bagşynyň gözi topbak-topbak oda düşdi.Ol gapdalyndakylara ýüzlendi:
--Adamlar,hol otlar öňem barmydy ýa-da……
Şol pursatam :
--Haý,atly atyňa atlanaweriň-how, ýagy çozandyr-la how—diýen howsalaly seslar ýaňlandy.
Her kim duran-duran ýerinden atlandylar.kel bagşam eli ýaragsyz bugurçysyna münüp olara goşuldy.name etjegini bilmän bugurçysyny iki tarapa säpjedip ýören Kel bagşy kelebiniň ujuny ýitirdi.Ol howatyrlanyp başlady: “ Wiý, meniň bolup ýörşi-Mi.Meni bi jalagaýda kim tanaýar.Hiç kim,galtamanlaryň başyny tapyp bilmezmikäm? Belki, tapsam, gürleşerin.Bolmanda-da elimde ýarak ýok “ diýip,ol bugurçysyndan syrylyp düşdi-de,onuň owsaryny başyna orap,eline dutaryny alyp, garaňkylygyň içinde gum depeleriň arasynda siňdi.Ol çetidir-sazaklara bukulyp, ýagynyň arasyna ýeteňkirledi. Kel bagşy emedekläp galtamanbaşynyň çadyryna girjek bolanda sakçylar oňa ýapyşdy -lar.Ony süräp galtamanbaşynyň ýanyna alyp bardylar.eli dutarly adamy görüp, onuň gaşlary tapyşdy.
-- Bi, nämäniň alamaty!muny nireden tapdyňyz?
--Özi gelidi.
 --Özi…Kim borsuň,gürläp otur.
-- men-ä iliň bagşysy.
-- il diýýäniň kim?
-- Türkmen iliniň.
--Menem Türkmen däl.Maňa-ha sen tetelli bagşy Derek däl.Hany maksadyňy aýt.
--Men size töwella etmek üçin ýanyňyza gelşim.Nähak gan dökmäli diýjek bolýan.
--Nähak gan?Menem keýpine gan dökemok.Biz han adamlary.Hanyň buýrugyny berjaý edýäris.Janyňdan irmedik bolsaň,dutaryňy alda yzyňy ýel çalmanka şu ýerden göteril.Ỳogsa……
Kel bagşyny getirilşi ýaly südenekledip,çadyrdan alyp çykdalar-da,garaňkylyga iterip
Göýberdiler.Ol dutaryny gujaklap gum garbady.Näme etjegini bilmän,ýerinden galyp gözdürtme garaňkylygyň içinde gum depeleriniň arasy bilen ýene bugurçysyny göý-
beren ýerine geldi.Görse,ol janawar uly çetiniň pürüni iýip duran eken.Ol bugurçysy-
ny çökerip mündi-de,tutuşlygyň iň gazaply ýerine haýdady.Gijäniň içinde kimiň-kimi urup-çapýanyny bilderenokdy.Gep-ün alaşar ýaly däldi.Kel bagşynyň uly ili bilen :
--Adamlar,uruşy bes edeliň.Öýlanip görüň.Kim bilen uruşýanyňyzy bilýärmisiňiz?
Diýip,gygyrasy geldi.Ỳöne näçe gygyrsada,ol göhi ýatyryp bilmejegine gözi ýetip, bolýan wakany doňan ýaly bialaç synlap durdy.Şol wagtam eli gylyçly bir adam onuň bugurçysynyň owsaryndan tutuklap ugrady.Kel bagşy zähresi ýarylan ýaly özüni
çägä oklady.Görse,bugurçysyny idip barýan Sähet çopan bolup çykdy.Ol Sähdi garsa gujaklady.
--Sen meni bu garma-gürmelikde nädip tanadyň?
--Tanap-tanamaz ýaly senden başgalaryň ulusdan-kiçisi janlaryny halas etjek bolup iki ýana at salýarlar.Diňe sen janyňdan iren ýaly,bir ýerde butnaman duran.Heý,jeň wagtam beýdip durmak bolarmy?Hany yzymdan galma.Haý,diýmän ýowy gaýtarys.
Olar indi ýeňse berip başlady.bar aladam sen bolduň.eýläk urundym,beýläk urundym, teý tapylmadyň.bir bolmasy iş bolýandyr öýdüp,gara janym galmady.sen meniň myh
-manym ahyry…….
Duýdansyz dökülen ýagy daňa golaý ökje göterdi.Säher bilen Kazy oýunyň 7ýaşdan 70 ýaşa çenlisi ýow meýdanynda wepat bolanlary jaýladylar.
Ertesi Sähet çopan öz toýunyn ýasa öwürlenine axmyr çekip,soňuna çykyp bilmedi .
Ol ýas tutdy.Kel bagşynam zordan ýola salyp hoşlaşdy.
--Bagşy,sag-aman bar.nesip etse,ýene bir toý toýlarys…
Ỳasy wagty itleriň üýrüp başlanyny eşiden Juma çopan çäkmenini eňine atyp ardy
-njyrap ,gapa çykdy.Bugurçysyny çökerip duranynyň Kel bagşydygyny tanap, allaniç
-iksi boldy.
--Bagşy,eýgilikmidir?
--Juma aga,başyň dik,malyň tükel oturanmysyň?
--Sen sorama,menem aýtmaýyn.
--Hany öýe baraly.Demiňi dürse.göwnüme bolmasa sesiň endiräp çykýan ýaly-da.
--Juma aga,ähtimal,sesimem,ýüzümem üýtgese üýtgändir.Iň gowsy,maňa nepesimi dürsär ýaly bir çäýnik çaý ber.Soň gören ahwalatymy gürrüň bereýin.
--Weý,bagşy çaýyňam gürrüňi bolarmy.
--Juma aga,saňa ýalan,maňa çyn—diýip,çaý öňüne alan Kel bagşy gören wakasy-
ny gürrüň berdi-de:
--Gören ahwalatymy dutaryň diline geçirmesem,ölsemem ýadymdan çykmaz.Häzir-
em ýüregim endiräp dur—diýidi.
…Kel bagşynyň dutary zarynlap başlady.Juma çopan mahal-mahal başyny ýaýkap,
hyrçyny dişläp :
--Bä, bä, şeýlemi, bolmandyr.gyrgynçylyk gursyn — diýýärdi.
Kel bagşynyň dutarynyň zaryn owazy bolsa gijäniň içinde gum depelerini elendirýär-
di,çöle ýaň salýardy.Ahyry Kel bagşy ýüreginde dykyn alyp duran gam-gussany az-kem egisdim edip,ulydan demini aldy-da,zordan dillendi :
--Juma aga,siz şu sazy ilki gezek diňleýärsiňiz.özem wepat bolan şol gerçeklere ýad
-ygär bolsun.Adyna-da “ Atçapar “ diýjek.
Ol ýene şol sazy gaýtalap-gaýtalap çaldy.
….” Atçapar “ sazy juda gaýgyl,hasratly bolany üçin bolsa gerek,soň-soňlar bagşylar ol saza “ Hüýrlukga – hemra “ dessanyndan, “ Aglaryn “ hem-de Zeliliniň sözüne  ýar senden diýen aýdymlary döredip biziň günlerimize ýetiripdir.
 
Ỳusup berdiýew
 Uzuklar
 
Ir zamanda Pendi çöli 3 hanlyga degişli bolupdyr.ol üç hanlaryň perzendi dünýä inse
-de durmandyr.Olar bir-iki hepde şatlanyp-şatlanmakalar sähra ýene gara lybasa bürenipdir.Hanlar öz başlaryna düşýän musallaty diňe hudaý tarapyn diýip düşünüp
-dirler.Onsoň olar hudanyň hatyrasyna eçilip bilenini eçilip,Hatam taý ýaly,garyp pukaralara zat paýlapdyrlar.
Bir gün hanlaryň üçisem atlanyp,awa-şikara çykypdyr.Olar çöl beýewana çykyp, öz ykballaryndan zeýrenip,mülklerini terk edip,başga bir welaýata aşmakçy bolup mas
Lahatam edipdirler.Şeýdip ençeme ýol sökenlerinden soň hanlaryň ulusy Öde han
aklyna aýlanýar.
--A — how,biz öz ýurdumyzda tapmadyk bagtymyzy ýat ilden tapmarys.Zeleliň ýary-
ndan gaýtmaklygam bir peýdamyş.Azyk-owkadymyza dolansak nädýä?
Diýip,ýoldaşlaryna sala salýar.
Içlerini hümmüldedip barýan Gödek han bilen Guldurdy hanam onuň pikrini makull-
ap yzlaryna gaýdýarlar.
Gaýdyşyn olar Gaş derýasynyň boýunda düşläpdir.çaý içip otyrkalar olaryň gözi ýüz
-ün salyp gelýän 3 atla düşýär.Hanlar biri-biriniň ýüzüne seredişipdirler.” Ýagy dökül
-em bolaymasa-da biri “ diýşip otyrkalaram atlylar :
--Öde han, Gödek han,Guldurdi han buşluk buşluk –diýip,atlylar sährany ýaňlandyr-
ypdyrlar.
--A - how düşünikliräp aýtsaňyzlaň,haýsymyzyň gyzymyz boldy diýenlerinde,atlylar :
--Han aga,üçüňiziňem – diýen jogaby eşidipdirler.
Hanlar “ be , de , be “ bolşup,har haýsy öz mülküne tarap at goýupdyr.Barsalar dogu
-rdanam hanlaryň üçüsiniňem gyzy bolupdyr.Hanlar begenjigenem bilmändirler, gynanjagynam.Öňki perzentleri ýadyna düşüp az wagt bozulypdyrlar.Ỳöne üçüsiniň bir günde çagalarynyň bolmagy,olary begendirip.Toý günin I bellemek üçin jar çekip
-dirler.Üç hanyň üçüsem toy bir günde,Gaş derýasynyň boýunda çaýlaşan ýerinde geçirmegi wadalaşýarlar.Toý güni Pendi çölüniň ýeden ýöräni derýanyň boyuna ýygnanypdyrlar.Üç gije-gündiz toý tutulýar.Baý,garyby ýok,ähli halaýyk iýip-içip mes bolupdyr.Toýuň ücülenji güni adamlar gyzlaryň adyny soraýarlar.Şonda hanyň masl
-ahatçysy märeke ýüzlenipdir :  
--Adamlar,gulak goýuň.Ählimiz diýen ýaly şu hanlaryň ýagdaýyny bilýäris.öň bularyň perzendi ýok.Şu günüň toýuň sebäpkärlerine – gyzlara at goýmak size,ýagny halkyň paýyna düşyär.Nähilli at dakmakçy bolsaňyz sesleniň.siziň dakan adyňyz bilen biz-
em razy.
Bir salymdan soň derwiş sypatly aksakgally goja beyikräk ýere çykyp,adamlara ýüz-
lenýär :
--Eger meniň sözüm gulak assaňyz,eşidişimiz ýaly,hanlaryň gyzy bir günde dünýä inipdir.Şol sebäpli olaryň atlaram bir meňzeş bolsa oňat boljak.Razy bolsaňyz şol dü
-nýä inenlere men aýt goýjak.
Halaýyk duran ýerinden: 2 Hany eşideliň-de,hany eşideliň bolýar. “
--Eşitseňiz, Öde hanyň gyzynyň ady Uzuk,Gödek hanyň gyzynyň ady Näzik, Guldur
-dy hanyň gyzynyň ady Lälik bolsun, omin! – diýýär.
Toýa ýygnanan märeke “ boldy-da,boldy,atlaryna mynasyp bolsunlar,ömürleri ziýat bolsun “ diýip alkyş baryny aydyp,öýli-öýüne dargapdyr.
Uzuk,Näzik,Lälik görmegöýden akylly,paýhasly gyzlar bolup ýetişýär.Günleriň bir güni hanlar ýene düşüşýar.
--Geliň,gyzlarymyz bir-biri bilen düşüşsynlar.Onsoňam bir zady berk ýadymyzda sak
-lalyň.Ir-u – giç gyz maşgala kesekiniňki bolmalydyr.Olar biziň döwletimiz däl-de, göwnühoşumyzdyr.Dünýeden ötmänkäk mülkümizem birine ynanmaly.Dogrumy?
--Dogry Öde han, rast aýdýarsyň – diýipGödek han bilen Gulgeldi han razy bolýar…
Gyzlaryň duşuşmaly ýeri Uzuk hanyň mülki bolansoň, ol bellinilen ýere beýlekilerd-
en has ir gelýär-de myhmanlary garşylamak ücin taýýarlyk görýär…..
Howa ýagtylanda, ýaýlada goýun bakyp ýören çopanyň gözi bir topar çadyr gurup ýören adamlara düşýär.Bezelen kejebäniň töweregem gaýda-gaýmalaşyk.
çopan goýunlaryny oýa sürüp,özem gamyşlykda gizlenip,töweregindäki bolup geçý-
än hereketi synlamaga durýar.
Birden kejebeden görmegöý gyz çykýar-da,” ýeriň gaymagyny bozsammykam, boz-
masammykam diýýän ýaly,seýkin basyp,uly depä tarap ýöräp başlaýar.Ol mahal- mahal säginip,Tawus guş dek çar tarapa boýnuny uzadyp garanjaklaýar.Onuň ýany-
ndaky hyzmatkärleri oňa gülälekdir jümjüme bogup getirýärler.
Näzik bilen Läligem bellenilen ýere gelýär.Uzak oalary hormatlap garşylaýar. Gün aşaklanda Uzuk,Näzik,Lälik degişip- gülüsip çemenzarlyga gidýärler.Olar gijäniň bir mahala deňiç Gopuz çalyp,Läle kakyp,Mojükatdy oýnap,ahyram,Uzugyň kejebesin-
de dynç almaga gidýärler.Säher bilen uzakdan eşidilýän tüýdügiň owzyna oyanan Uzak :
--Boýdaşlar, Tüýdügiň owazyny sizem eşidýärmisiňiz ýa-da meniň göwnümemi?
Gözün süzüp,oýaly- ukuly ýatan Näzik :
--Kimem bolsa,Tüýdigi saýradyb-a bilýär — diýýär.
Gerijiräp turan Lälik hem boýdaşlaryndan kem galmajak bolýan ýaly :
--Beýle-de bir ýürek gopdyryjy saz bolar eken-ow — diýýär.
Beýlekilerem örmänkä,üçüsem kejebedeb çykyp,saz gelýän tarapa ýumlagaýypdyr-
lar.Iki depeden aşyp,oýa inenlerinde gyzlaryň gözi otlaşyp ýören goýunlara düşýär. Goýunlaryň beýle ýanynda-da çöwürme telpekli ýigidiň Tüýdük çalyp oturandygyny görýärler.çopana görünmejek bolubam gyzlaryň üçüsi bir-biriniň elinden tutup aşak oturýarlar.çopanam bu zatlardan bihabar,çalyp outran sazyny tamamlap,ýene täze saza başlaýar.Sazyň jadylaýjy owzy gyzlaryň ýüregini gursagyndan çykara getiripdir
Perizat sypatly üç gyzyň ýakynlap gelýänini gören çopan çalyp outran Tüýdügini elinden gaçyryp,gözüne görünýändir öýdüp gaçmaga hyýallanýar.Edil şol wagtam güýçli gol onuň ýeňsesinden ebşirläp tutýar.çopan bada-bat çöküne düşüp, nämäniň nämedigine düşünmese-de ýalbarypdyr.
--Agam,başyňa döneýin.Meniň günäm ýok.Men bir çopan.Goýunlary suwa indirmä-
ge gelşim,meni göýber.
--Merez etmäge gelşim.Bi jelegaýda goýun bakarça sen kimmişiň.Bakýanyň kimiň goýunlary?
--Agam,Öde hanyň sürüsi.
--Öde hanyňki bolsa ,adyňy ayt kim sen?
--Dostmuhammet
Atly çopanyň ýakasyny göýberipdir.Onýança-da Uzuk dagy olaryň ýanyna gelipdir. Uzuk çopanyň  “ Öde hanyň sürüsi “ diýenini esidip ýylgyrypdyr-da :
--Bolup biler.Bi ýerlerde başga kimiň maly bolsuň?!
Uzygyň sesini eşiden atly :
--Günämi ötüň,Bibim – diýip,aňyrlygyna depeden aşyp gidýär.Uzuk ýylgyryp durşu-
na :
--Öde hanyň çopanydygyny çynyň bolsa,onda onuň gyzyny taryplap,bir saz çal, Dostmuhammet – diýýär.
Öz adyny tutulanyny eşidip,çopanyň depesi göge ýetýär.Ol name diýjegini bilmän, gözlerini mölerdip durşuna :
--Siz Uzuk hanmy?!— diýýär.Uzuk “ Hawa “ diýen manyda baş atýar welin, çopanyň Tüýdügi saýrap başlaýar.Ol Uzuk hany taryplap,onuň durkuny saza geçirýär.Gyzlar çopanyň synçylygyna haýran galyp,onuň syratyna,saz çalşyna aşyk bolupdyr….
Gün guşluga galanda gyzlar kejebelerine dolanypdyr.Ỳöne gyzlaryň öňkiligi ýok. Ỳüzlerinde şatlykdan nam-neşan yok.Enekeleriniň ýürege ýarylan ýaly bolup gyzlar
-yň halyndan habar alypdyrlar.Olar aýry-aýrylykda ýürek syryny enekelerine aýdyp –
dyr.Enekeleri gyzlaryň agzyndan çykan sözi eşidip ýakalaryna tüýkürip, bir-birine habar berýärler.
--Toba,toba.Heý-de görülip-eşiddilen zatmydyr,bir ?Bulary jyn urdumyka,gyz ?!
Üç sany hanyň gyzy bir çopana aşyk bolarmy?! Bular aklyndan azaşan bolaýmasyn-
lar.” Atamyz bilen gürleş diýýärler “ Nä ýüzümize ataňyza habar bereli?Iň bolmanyn-
da Beg ogly bolsa ! balalarym,agzyňyzdan haýyr açyň.Beýle gabahat işe biz-ä ýol berip bilmeris.Han-ha ataňyz,gürleşiňem,razylaşyňam.Biziň başymyza ahyrzaman indirmäň….
Uzuk enekesine ýalbaryp-ýakaryp, ahyry,atasy bilen gürleşmäge razy edýär.
-- Bi zatlaryň sebäpkäri özüm.Sähra git diýenem özüm.Gyzlar bilen düş diýenem özüm.Eger gyzymyzyň diýenini etmesek,Hudaý ýene bizi ýazgyrar.Ỳeke dikrardan jyda düşmeli bolaýmaly.Iň gowsy,Halk köpçüligi bilen maslahatlaşaly.
Hanlar ýene jar çekdirip,ähli halky Sähra ýygnapdyrlar-da gyzlarynyň isleg- arzuwlaryny ile ýetiripdir.
Geň habary eşidip halk köpçüligi “ Bijeli oglan aglamaz “ diýlenini edip,Uzuk,Näzik ,Lälik üçüsine bije atypdyrlar.
Uzugyň bagty çuwupdyr.Onuň bijesei çykýar.Adamlar,Näzik bilen Lälige hem myna-syp ýigit tapyp,üçüsiniň toýunam bir günde tutupdyrlar…..
Hanlar bolsa gyzlaryny hormatlap,Gaş derýasynyň boýunda Gyzlar Galasyny salyp beripdir.Uzukdagy ömrüniň ahyryna çenli şol galada ýaşap,döwran sürüpdyrler.
Dostmuhammet çopanam gyzlaryň şanyna “ Uzuk “ , “ Näzik “ , “ Lälik “ diýen sazla-
ry döredipdir.soň –soňlar ol sazlar toý meýlisde çalynyp : “ Uzuklar “ diýen at bilen biziň döwrümize gelip ýetipdir.
 Ỳusup berdiýew.
           
Men bu gün enäni gördüm,bo-eý
 
Gadym zamanlarda Ahal topragynyň günorta-günbatar çetinde bir oba bardy.Onuň ilersi daglyk gaýrasy giden düzlikdi.ýaz çykyp, toprak janlananda,adamlar mal-garal
aryny sürüp,ýazlyga giderdiler.
Ol obanyň ýaşulusynyň gyzyna Ene diýerdiler.Ol özüniň owadanlygy bilen beýleki obalarda bellidi.Arly gyş öýünden çykman oturan Ene ýazyň heýjana getiriji bark ur-
ýan hoştap ysyny işdämenlik bilen demine sorup doýup bilmeýärdi.Bir sapar Ene gözenekden töweregi synlap oturşyna, Enekesiniň adyny tutup gygyranam düýman galdy.Enäniň ýanyna enekesi geldi.
--Ähli syrym bilýän enekäm! Şu gün meniň ýüregim näme isleýär ? hany aýt !
Kempir enäniň suluk ýaly barmaklaryny öz eliniň aýasyna emaý bilen aldy :
--Bibim,men bilmän,kim bilsin seniň isleg-arzuwňy.Seniň gül-çemenli baýyrlarda keý
-ik kimin bökjeläsiň gelýär.
--Wah, enekäm,göwnüm bol-a.Meniň baýyra gezelenje gitjegimi atama-da aýt. Çoralarymy alyp Jümjüme,çigildem,Gazynjak çemen bogunjak.
--Ataň-a balam, säher bilen mallarym diýip,sähra gidişi atlylary bilen.Sen,guzym gitseň git,ýöne köp eglenmän geleweri.Oba şu wagt çoladyr.Özüň bilýäň-ä adamlaryň
köpüsi ýazlaga çykdy.Bilip bolmaz,bolmajasy bir iş bolaýsa,kömege ýetjek adam ýokdur.Men onsoň ataňa näme jogap bereýin,guzym ?!
--Eneke jan,hiç zady gaýgy etme.Biz gitdik haý dimänem geleris, hoş !
Ene obadan çykanda,göýä aýyň bölegi dagyň gädiginden görnen ýaly boldy.Ol Taw-
us guş ýaly bezenip,ýere agram salman,messan basyp,lälezarlyga tarap barýardy.
Enäniň çoralary belenli-pesli depelerdäki gülleri çöpläp,obadan ep-esli arany açdylar
Bir salymdan soň Enäniň gujagy güllerden doldy.
Ene dagy bir-biri bilen degişip-gülşüp ,günüň gijigeninem aňşarmadylar.Seretseler, gün daga girip barýar.Olar gaýtmak üçin yzlaryna dolanjak bolup durkalar ýeri ýaryp çykan ýaly, depeleriň aňyrsyndan on-on bäş atly peýda boldy.
Ene alamançylary görüp,çoralary bilen oba tarap gaçdy.Alamançylar “ Hudaý berse guluna,getirip goýar ýoluna “ diýip,gygyrşyp,Ene dagynyň yzyndan aç möjek ýaly topuldylar.Atlylaryň ýetip gelýänini görüp,gyzlar çar tarapa dargadylar.
Şol wagt mert ýigit Gara Mergen atlylary bilen jülgeden aşak indi.Gara Mergeniň gözi gyzlara kowalap ýören atlylara düşenden allaniçigsi boldy.Ol atynyň başyny çekdi.Gara Mergeniň ýoldaşlaram durdy.Gyzlaryň özlerini halas etjek bolup oýdan beýige ,beýikden oýa gaçyşyny synlap duran Gara Mergeniň sabyr käsesi doldy.Ol ýoldaşlaryna ýüzlendi :
--Ỳigitler,eger alamançylar bizi görüp gaçsalar,biz olaryň yzyndan kowarys.Sen bol-
saň,Hudaýberdi,gyzlary oba alyp bararsyň.
Gara Mergen atlylary bilen baýyrdan aşak indi.Alamançylar ýaydan çykan ok ýaly sünüp gelýän atlylary görüp,huşlary başyndan göçdi.Olar janlaryny halas etseler razy boldular.Gara Mergen atlylary bilen olaryň söbügine münüp,goldan aşdy.
Hudaýberdi gyzlary bir ýere ýygnap,olary oba alyp gaýtdy.Gyzlar oba ýakynlaşanda ýoldaşlary bilen Enäniň kakasam olaryň öňlerinden çykdy.
--Hudaýberdi, bu nämäniň ahwalaty?Gyzlaryň ýüzi ak esge dönüpdir,ýa alamançy döküldimi ?
Hudaýberdi bolan işi birin-birin gürrüň berdi.
--Berekella , oglum,är işini bitiripsiňiz.Ỳöne Gara Mergen dagy sag-aman dolansa-da biri ?Men öňdenem aýdyp ýörin-le,Gara Mergene.Iň gowsy,obada gal-da ýigitlere baş  bolaý diýsem, “ Dagda dogulypdyryn,dagd hem günüm görerin “ diýýär.Ỳögsa ýigit dagy däl.Edermenem,batyram.Üstüsine-de bagşyçylykdanam habary yok däl ,
Mergeniň.
Ỳaşuly bilen Hudaýberdi gepleşip durka,Ene uz ýöräp,olaryň ýanyna geldi.Gelşine-de Hudaýberdiniň egnine gyrmyzy don atdy.Hudaýberdi Ene näme diýjegini bilmän, töweregine ser etdi.
Gyzyň serpaýyna göwni ýeten ýaşulynyň maslahatçysy Hudaýberde ýüzlendi :
-- “ Zer gadryny,zergär biler “ diýipdirler,oglum Hudaýberdi.Nesip etsin,Toýda tozsun
Eger çaý-nahar kemiň yok bolsa,hoş geldiň.Toýda duşalyň.Biz sizi hiç wagt unutmar
-ys.Gezen ýeriňizde sag-aman geziň.
Hudaýberdi Gara Mergeniň giden tarapyna atynyň başyny öwürdi.Oňa duşan badyn
a-da ilki bilen özi habar gatdy :
--Gurtmy,tilki ?!
--Tilki bolduk,Hudaýberdi.Gaty gaçdylar.Seniň ýagdaýyň nähilli?Gyzlary sag-aman gowşurdyňmy?
--Gyzlary gowşuryp-gowşurmaz ýaly,olar Ene bilen çoralary bolsa nätjek !
Gara Mergen Ene diýen sözi eşidip,gözi hanasyndan çykara geldi.Ol Hudaýberdiniň alkymyna dykylyp bardy-da :
--Dogryňdan gel,ýa-da…..
--Mergen,Enäniň özüni hut gözlerim bilen gördüm,ynanmasaň süreliň oba garşy.
--Gürleşdiňmi ?
--Ỳok,gürleşip bilmedim.Ỳöne gyrmyzy dony peşgeş berenem hut Enäniň özi.Öz eli bilen getirip egnime ýapdy.
--Wax,maňa akmak Mergen diýerler.” Gaçany kowujy bolma “ diýen söz näme,boş ýere aýdylandyr öýdýärmiň diýsene,şolaryň içinde Enäniň bardygyny bilen bolsam…
--Mergen,ax çekme.” Altyn gapylyň,agaç gapyla dilegi duşermiş “ .
--Aý,beýle bagt bize ýetiresi yok-la.iň gowsy,irräk mesgene baryp garbanalyň…
Aý aýlanyp,ýyl geçdi.Atasy aradan çykandan soň obany dolandyrmak Enäniň başy-
na galdy.
Enäniň ýeke galanyny eşiden,öňden onuň owadanlygyna aşyk bolup ýöränler ony boýun egdirmäge hyju edip başladylar.Ene obanyň ýigitleri bilen bir ýowy gaýtarsa, ýene biri gelip,obany gabady.Şeýle irginsiz çaknaşyklardan soň Enäniň tarapy, hal
-ys tapdan düşdi.Gelmeşiklere gaýtargy bermäge mejal galmady.
Ene ahyry iň ýakyn adamlary bilen maslahatlaşdy.birine öz garamatyny tabşyrmak-
çy boldy,jar çekdirdi.” Kimde-kim obany çozuşdan halas etse,Ene şol adama özüni mynasyp görjekdir “.
Bu habar yyldyrym çaltlygynda uly ile ýaýrady.Dagda mesgen tutup ýören Gara Mergene-de bu habary eşidip,öz atlylarynyň birini Enäniň üstüne iberdi.Ol gelip,Ene şeýle diýdi :
--Biziň Gara Mergen diýen gerçegimiz bar.Ol obany duşmandan gorap biljek.Ỳöne özüňiz baryp,öz diliňiz bilen Gara Mergene aýtsaňyz….
Enäniňgökdäki dilegi ýerde gowuşdy.Ene Gara Mergeniň ýanyna bardy.Gürleşdi.
Gaýtjak bolanda hem Mergeniň boýnuna ala ýaglyk daňyp,ýalbardy :
--Obanyň ykbaly seniň eliňde,Gara.Eger batyrlygyň ,mergenligiň çyn bolsa,dagdan aňyrdan duşmandan bizi halas et.Halk saňa garaşýar.
--Sen geldiň,Ene, indi zady gaýgy etme.Ỳigitleri ýygnap,halkyň goragynda häzir bolaryň .
..Ak Iniş diýen ýerde gazaply söweş başlandy.(Ak iniş häzirki Gyzylarbat şährinden bäş Km ilerde dagyň içinde ýerleşýär).Söweş üç güne çekdi.Üçünji gün Gara Merge
-niň atlylary asgynlap,yza çekilip başladylar.Ol duşmany hile bilen ýeňmegiň ýoluny agtardy.Gara Mergen atdan düşüp,Söweşde geýýän eşiklerini atynyň eýerine bagl-
ap,dagyň depesinden goşunlaryna buýruk berip duran duşman serkerdesiniň janyny jähenneme ibermek üçin öwrümli gaýa dyrmaşdy.
Duşman serkerdesiniň keýpi diýseň kökdi.Ol goşunlarynyň söweşişinden göwni hoş bolup,yzly-yzyna murtuny tow berýärdi.
Töwereginden oňa hemaýat berýän adamlaram serkerdäni ýetip gelýän ýeňiş bilen gutlaýardylar.Birden onuň sesine suw sepilen ýaly boldy.Gara Mergen duşman serkerdesiniň kebzesinden ak saplyny sokup,dagdan aşak togalady.
Serkerdäni gaýadan aşak gaýdanyny görüp,onuň töwereginde duran hemaýatçylar-
am gaçmak bilen boldular.Gara Mergen dagyň depesinde durup,joşgynyna Enäni taryplamaga başlady :
 
         Ene diýer saçym sary,
         Saçy tamdyranyň tary.
         Ak gösünde goşa nary,
         Men bu gün Enäni gördüm.
 
Enäniň waspyny ýetirýän aýdym barha belent ýaňlanýardy:
         Gara mergen taryp eder,
         Sallananda uzuk äder.
         Çyn aşyklar görkden dadar,
         Men bu gün Enäni gördpm.        
Aýdym tamam boldy.” Baş bolmasa,göwre läş “ diýenleri.
Ene gaýduwsyz Gara Mergeniň hatyrasyna üç günläp uly toý tutdy.Gara Mergeniň şo aýdymam şondan bäri nesillere meýras bolup galypdyr.
                                                     

 Ỳusup berdiýew