Tamdyra sapagy

 

Ton beýikligi we not açarlary
Bu bölegde biz aşakay symbollar bilen tanyş bolarys
 
Ton beỹikligi                         kammer ton A
Not atlary                               Interwallar
Ton basgançagy                   Not öňündäki belligler
Violon açary                          Peseldilen notlar
Bass açary                            Beỹigilen notlar
Orta C                                    Enharmoni
 
 
Ton beýikligi
 
Her bir ton belli bir frequnsi aňladýar.(sesiň bir titremesi ýa-da Hertz ölçegi bilen (HZ) görkezilýär.mesal :
Orta C 256 Hz we Kammer ton A 440 Hz bilen ölçenen.
 
 
 moaj üzünligi                                            1 titreme                                                                    
                                                           
    depe                       derre                                           birsekun-da 6 gezek titreỹär.
                                                                                  diỹmek 6 Hz frequns bolup hasaplanỹar.
 
 
 
Not atlari
 
Müzik notlary her haýsy bir at bilen tanalýar.Bu ỹerde harplyk tertibinden haýyrlanýarys (emma B ýerine H harplygy alýarys, muny bolsa hökman ýatda saklaň).Notiň atlary aşaky ýaly ýazylýar.
 
 
                                              A H   C D E F G A H C   D E F G
Türkmenistan we Eýran-da elbetde ýene Not atlary şeýle atlandyrylýar.
                       
                                           Do , Re , Mi , Fa , Sol , La , Si , Do
Men Tamdyra sapagyny international saz gramatik kanunlaryna laýyk-da atlaryny hem haýyrlanýaryn.
                                
 
Ton basgançagy
 
Ton basgançagy diýemizde , not system-de bir redip-de bolup ýokarlaýyn ýa-da aşaklaýyn yz-yzyndan duran notlardan, görkezilýär.Köplenç duş gelýän ton basgançaklar 8 not-dan düzelỹär.olar bir not ady bilen başlap we şol not bilen gutarýar.Emma birinji not bilen we ikinji şol not adyň 1 aktaw aralygy bar.
 
 
C dur basgançagy byzyň 8 notly ton basgançagymyza bir mesal bolup biler.Müzik-de elbet-de başga dürli ton basgançaklar bar.5 ton-dan düzelen ton basgançaga PENTATON diýilip adlanylýar.12sanydan düzelen ton basgançaga CHROMAT ton basgançagy diýlýär.
 
 
PENTATON basgançagy
 
Pentaton basgançagy 5 not-dan düzülýär .Bu ton basgançagy ÇIN we şoňa meňzeş ýuwurtlarda çalynýar
 
CHROMAT basgançagy
 
Chromat basgançagy 12 not-dan düzelýär.
 
 
 
Violon açary
 
Violon açary not system-de beýik sesli notlari çalỹan wagtymyz, haýyrlanýarys.Violon açaryna G açary diýip hem adylýar.Sebäbi not saçagynda violon açary G not-dan çyzylyp başlanýar.
 
Violon açary                                        
                                                  
                          G not çyzygy                                                                                                          
                                                                                                                                                                                                                       
                                                                                                              
                                           Piano C
                                                   
 
Bass açary
 
Bass açary not system-de ýogyn sesli notlary çalan wagtymyz haýyrlanýrys . Bas açary F açary diýip hem adlanylýar .Sebäbi ol F notdan çyzylyp başlanylýar.
    bass açary                
                        
 
Bass açarynda not saçagyň aşakdan birinji çyzykdanG ses bilen başlanýar.Piano-da bass açarly notlar orta c çenli ýerleşýär.
Orta C not systemiň ýokarsynda , birinji kömekçi çyzygyň üstünde durýar.
                                                            orta C
 
 
 
Interwall
 
Iki toniň aralygyna interwall diýilýär.Interwall ady 2 ton beýikligiň bir-birinden daş durmagyň ölçegine aýdylýar.Interwall ölçegi şol başlan notdan(sesden) we gutaran notiň(sesiň) ara daşlygyny görkezýär.
Tertip bilen interwall adlary :
 
Prima, sekunda, tertse, kwarta, kwinte, sexte, septime, aktawa.
 
 
 
            2nji ädim                       3nji ädim                      4nji ädim

 
   5nji ädim                                        6nji ädim                   7nji ädim
                                           8nji ädim
                                            
 
Sorak we ýümüş
 
1.   saz äleminde ton name manyda aýdylýar ?
2.   Not atlary we olaryň Not saçagynda ýerleýişini ýazyň .
3.   Ton basgançagy nämel we näçe dürli Ton basgançak bar ?
4.   Violon we bas açarlary Not system-de nämäny aňlatýar ?

5.   Interwal nämel we olaryň görnüşleri nämeden ebarat

 

Perde we barmaklaryň teknikleri
 
Tamdyra öwrenjiler üçin öwrenmekde iň birinji ädim, perdäni tutmak we ondan sesi arassa çykarmakdyr. Şu ýerde häzir barmaklar tamdyraň perdelerinde, perdeden-perde böküp ses çykarmasyny we her perdäň atlaryny not ýazuwsynda öwrenmek, esasi ýümüşimizdir.
 
Ýokarda perdelerniň adyny eýäm öwrenen bolsaňyz hem , aşakdaky ýümüşler hökmany çalyp öwreniň.
 
 
 Sesi eştmek üçün şu ýery klik etmely  
 
                                                             (1-3-5  perde eýri)                        
 
 
^ = kaku aşak çalynýar          v = kaku ýokara çalynýar
 
Not saçagynyň aşagyndaky 1  w 2  w   san we harplar takt urgyň sanynyň görkezmesi.Ýokardaky tonlary çalan wagtymyz örän ýuwaş we sanap çalmaly. 1-nji we 3, 5 perdeleri çalan wagtymyz , perdeden çykýan sesleri arassa ýaňlandyrjak bolmaly.
 
 
Ýene geljegki sahypalarda saz grameri bilen bilelikde täze öwrenmeli heňleriň çalmasyny dowam ederis. Siz hormatly öwrenjiler saz grameri bilen bile ädim-ädimläp ýuwaş-ýuwaşdan howlukmany her bir berilen saz ýönkemeleri izgiderli öwreniň. 
 
 
Not öňündäki bellikler
                                            
Not öňündäki bellikler, bir kiçi symbol bolup not  öňünde çep tarapynda durýar.we şol notiň ton beýikligini ýarym ton ütgetýär.
Müzik not system-de ýokara galdyrlan( beýik edýän bellik, notiň, ton beýikligini1/2 ton galdyrýar). peseldýän bellik ( bü bellik notiň, ton beýikligini½ ton peseldýär) , tebigi notlar ( öňki görnüşüne getirýär) .
 beýik edýän bellik          pes edýän bellik              tebigi bellik 
Haýsy bir bellik tak-da, not öňünde goýlan wagty , şol takt içinde we şol aktawa dowamynda ütgeýär.diýmek not bellikleri haçanda, bir notiň öňünde goýylsa onda diňe şol takta degişli bolýar.
 
                             
 
      Ýokara galdyrýan bllik
 
Ýokara galdyrýan bellik not öňünde goýlan wagty ,şol noti ½ ton ýokardan Çalmaly-dyr.Eger piano-da çalsak, onda gara reňkli basuwny sag tarapda tutmalydyr.ýokara galdyrýan bellig not ýazuw-da IS söz bilen notiň söňüne
Goşulyp okalýar.Eger syz beýik edýän belligi G basuwň öňünde görseňiz
Onda , ak G basuwň sag tarapynda gara reňkli Gis basuwny basmaly-dyr.
                  
                                                           G ni ½ ton beýik edip çalmaly.
             
 
     Tamdyra perdeleriň aralygy ½ ton-da tertiplenip durany üçin , bu bellik ýazylan wagty, 1 perde aşak çalmaly.
( Elbetde, ýene , perdäň adyna ser edip.)perdeleriň atlaryny doly öwrenmelidir !!
      mesal : 1 – nji perde-de eger F beýgelse, onda, 1 – nji perdäň ýokarky kyrşyny we 2 – nji perdäň aşaky kyrşyny tutmaly.                         
                                        Peseldýän bellik
 
Peseldýän bellik notiň öňünde gelen zaman , şol noty ½ ton aşak çalynýar.
Piano-da çalsak onda gara raňkli basuwny,ak reňkliň basuwň çep tarapynd-
-an tutmalydyr.Eger H notiň öňünde (Q) bellik dursa, onda gara reňkli B,ak  H basuwň çep tarapyndan çalynýar.
                     
                                                                  H-ni ½ ton peseldip çalynýar
                      
Tamdyra perdelerinde bolsa bir perde ýokardan tutulýar.         
Mesal : 5- nji perde-de haçan-da d sesi ½ ton peselse, onda 4 – nji perdäň aşaky kyrşyny we 5 – nji perdäň ýokarky kyrşyny tutmalydyr.
 
   Tebigi notlar
 
Tebigi bellik , öňki belligi aýryp, noty öňki görnüşüne öwürýär.Diýmek siz notlary şol wagt belliksiz edip çalýarsyňyz.Aşakda G ton basgançygynda siz F noti Fis edip çalýarsyňyz. Eger tebigi belligi F notiň öňünde goýsak, siz F noty belliksyz edip çalmaly bolýarsyňyz,welin G ton basgançygynda aslynda Fis edip çalmaldyňyz.
               
 
                              
   Enharmoni
 
Enharmoni diýmek bir we şol noty dürli atlar bilen görkezmekdir. Eger-de bir not dürli atlara eýe bolsada , şonda-da deň ton beýiklig bilen çalynsa oňa enharmoni diýiler.
Mesal: bir B (peseldilen H) Ais not bilen, ton beýikligi deň dir.
 
Peseldilen F bolsa E not bilen deňdir.
                                                Ton beýikligi dürli not atlary bilen çalyp bolýar, muňa enharmonic diýilýär.
                    
                 
                                           
  Eger tamdyraň perdeleriň adyna ser etseňiz , onda, enharmoniýa Türkmen muzik-de nähilli derejede güýçlidigi görünýär.
                                            
    Not taýagy
 
 
Not system-de her bir notiň , not gurulşysy bolýar.Notiň uzak wagta ýaňlaýşyna göre not taýagy(Not bokurdagy) bolýar. Not taýagy hemişe ýokara çekilmeýär.Not saçagynda notiň  duran ýerinden belli bir aralyg ölçenip, not taýagy aşaklaýyn hem çekilýär.Her bir not , not saçagynyň ortaky çyzyga ýakyn durup , ýokarsynda ýerleşse, taýagy aşak çekilýär we tersine.
 
Not saçagyň orta çyzygyň aşagynda
Duran notlar , taýagy ýokarlaýyn çekilýär
not saçagyň orta çyzygyň ýokarsynda
duran notlar, taýagy aşak çekilýär.
 
Akkord bilen çalynan notlar, not taýagy   inçe ýa-da ýogyn sesleriň(not)
Orta çyzyga uzaklygy,not taýagyň haýsy ýana çekilmeldigine bagly bolýar.
Akkor-da not taýagyň, nähilli durmaldygyna, orta çyzykda uzakda duran not şertli-dir.
                       Orta çyzyk
                 
                                       beýikde duran A orta çyzykdan G göre daşda durýar.
 
Bir-birine bagly notlar hem, ýokardaky deňesmesi bilen bir meňzeş şertleri Bar.
                       
 
Sorak we ýümüş
 
1.Tamdyraň perdelerniň adyny 7 – nji perde – de  süýem barmakda we 8 – nji perde-de baş barmakda Not boýunça adyny ýazyň.
2.Tamdyraň perdelerniň aralygy näçe ton-da durýar ?
3.Not öňündäki bellikler haýsylar  we saz – da näme görkezmesi bar ?
4.Enharmoni nämel ?

5.Not taýaklary haýsy düzgün boýunça ýerleşýär ?