Tamdyra we onuñ döreýiş taryhy : T. Kör
Türkmen halkyñ aýdym-saz dünýäsinde Tamdyra iñ ýörgünli gurallaryñ biridir. Tamdyrañ çykyşy hakynda we onuñ halkyñ arasynda nähilli roly bardygygyny düşünjek bolsak,Türkmen taryhyny we dil edebiyaty bilen baglanşyklygyny göz öñüne tutmalydyrys.
Tamdyra saz gural hökmünde,orta Asiýada dürli halklaryñ arasynda, ýörgünli gural bolup we her halkda öz diýalektine görä,meñzeş atlary bar.mesal üçin: Özbekler,gyrgyzlar,gazaklar we şoña meñzeş ýene köp orta Asiýada ýaşaýan halklarda melli saz gural bolup tanalýar we Dumbura,Tamdyra,Tambur we … atlary bilen bir-birinden şol halkyñ däb-destur we ýaşaýyş görnüşiniñ tapawutlygyna görä hem,Tamdyrañ kryşlerniñ düzülşi we perdeleiñ sany ,hem-de ritimleri boýunça aýry-aýry häsiýetli digini görkezýär.
Diýimek Tamdyra diñe Türkmenler däl,orta Asiýañ halklarynyñ melli saz gural hökmünde bolup tanalýar.
Elbetde Tamdyra ýene-de Türkmen halkyñ arasynda Dutar ady bilen hem meşhur.
Dutar,Tamdyra ikisi hem bir magnyny añlatýar.Bu ýerde şeýle sorak gelýär !! Näme üçin Tamdyra ýa Dutar diýilip bir saz guralyñ iki ady bar?
Bu soraga jogap berjek bolsak,Türkmeniñ taryhy geçmişinde we halkara gatnaşykly sebäplerinde agtarmaly bolýarys.
Esasan ymykly ser etsek,Tamdyrañ döreýşi Türk dilli halklar bilen baglanşykly bolýar we hemme Türki dil halklarynyñ,dörän çeşmesine baryp degýär !!
Eger Tamdyrañ döreýşi hakynda,açyk we düşünükli edip görkezmek islesek, onda Hökman Tamdyrañ ýüze çykan wagtyndan şu güne çenli dogry maglumatymyz bolmaly.Asyrlar boýunça Türkmeniñ ýazuw taryhy bolmany üçin , Tamdyrañ döreýeşi hakynda we nireden gelip çykanyny anyk bir maglumata arkalaşyp,açyk bir zat aýdyp bolmaýar.
Elbetde her halkda bolşy ýaly,bizde hem köp rowaýatlar bar.
Bu rowaýatlar halkyñ şol döwürdäki düşünjesine gara,Tamdyrañ döreýşi hakynda köp destanlar we gümänleri görkezýär.
Türkmen sungat dünýäsinde , halk sungatyñ ösmeginde uly roly eýeleýän iki Russ älemi W.Uspenski we W.Belýaýofdyr.
Bu iki Russ älemi Türkmenistan ýuwurdynda ýyllar boýunça aýlanyp, Türkmen medeni we şol wagtky siýasi we hem-de esasan songat tarapdan köp bilimleri öz TÜRKMENSKAýA  MUZYKA  atly kitabynda ýazyp, bize, hasapsyz sungat baýlygymyzy uly çäkdä baýlaşdyrýar.
Ol şol döwürdäki rowaýatlar we düşünjeleri öziniñ kitabynda Türkmen Tamdyra hakynda golýazma geçirip,sazçylyk edebiýat we taryhynyñ ýoluny bize açyklanyşdyryp,görkezipdir.
Gynansyk hem bu iki älem öziniñ şol wagtky halkara siýasi-medeni ýagdaýa görä,Türkmen taryhyny gysga görnüşde ýazany bilen,dogry we bitarap ýazyp bilmändirler.
Tamdyrañ döreýişi we onuñ asyrlar boýunça öziniñ täsir we häsiýetini ýitirmänliginiñ sebäbini agtaryp,düşünjek bolsak,onda eýäm bu saz sungatyñ nähilli derejede halk bilen aýyrylmaz gatnaşykda durýanyny,göz öñüne getirip bolar.
Tamdyra, Türkmen halkyñ milli düýgüsiniñ guraly bolup,Türkmen ady bolany bäri halk sungaty bolup,ýüreglerde ýañlanyp,gahramançylyk söweşleri,gaýduwsyz göreşleriñ göhwäsi ,Türkmeniñ milli guwanjynyñ we buýsançly durmuşynyñ hekaýasyny,şahyrlaryñ paýhaýsly goşgularyny, hünärli we owadan çeperçilik bilen bize beýan edýär.
Türkmen saz dünýäsinde, Tamdyra biziñ durmuşymyzyñ taryhy wakalaryny suratlandyryp,düýgi we guwanç bilen ýaşaýan wagtymyzy görkezip,busançly Türkmeniñ hakyky bolşuny ,saz bilen dünýä özüni jar edip,wasp edýär. 
Kim-de kim Tamdyra öwrenjek wagty, eger-de Türkmen halkyñ ösüş taryhyny yzarlap we özüniñ medeniýet durmuşyny tanap bilse,onda şol Tamdyraçy (Dutarçy) saz çalan wagty,sazyñ ýa-da aýdymyñ hakyky we açyk magnysyny biziñ geljegki nesilimize ,güjüne görä tabşyryp biler.   
 
 
                    Sap                           Kädi                                        Gapak                       

 

 
Tamdyraň böleglerniň ady
 
Tamdyra esasan 3 sany birbirine ýelmeşdirelen agaç böleglerinden
Bejerilen.  1.kädi     2.sap      3. gapak
Tamdyraň kädisi tut agaçdan ýasalýar.kädi ýasalan wagty her bir usta
Özüniň bejerliş usulina göre , uli ýa kiçi edip ýasaýar.
Tamdyraň sapy erig agajyndan ýasalýar.  
kädi ýa sap haýsy bir böleg , ikisi – de agajyň ortarasyndan (magzyndan)
kesilip alynýar.Tamdyraň gapagy , elbetde tut agajyndan ýasalýar.
Tamdyraň nähilli ýasalyş hakynda ýörite ýazylan kitabi aşgabat şährindeTapyp bilersiňiz!
Tamdyraň awazy 2 sany kirş bilen ýaňlanýar.kirşleriň inçe we ýogynlyk derejesi tamdyraň awazyny köp ütgetýär.Tamdyrany täze öwreňjiler üçün kirş inçe bolsa onuň barmaklarnyň asuda we tiz hereket etmegine uly rolly eýeleýär.Türkiäň saz gurallar kirş ölçgi bilen N:16 kirş , barmaklara has hem mynasyp.
Tamdyrada saz çalmak üçün 13 sanydan ebarat bolan Perde ýerleşýär.  We hemme perdeler ½ ton beýikligde izizindendurýar.                                                                                                                                                                                                  Tamdyraň kirşleri awazlanar ỹaly 2 sany eşek (ýörite kirşler üçün,gaagaçdan ýsalan,kiçijik köpri)1boýnuz tamdyraň bölegleriniň üstünde goýlandyr.
1-nji eşek şeytan perdr bilen we kirşleriň gulognyň arasynda bejerlin
2-nji tamdyraň gapagnyň üstüne ýerleşýär.Boýnuz bolsa kädiň aşagynda
mähkämlenen.kirşleri daňmak we hem sazlamak üçün her byr kirşe , bir sany tamdyra gulogy goýlupdyr.
Tamdyradan çykýan awaz saz dünýäcinde , iň owadan ses kwarta adly ton  
aralygy bilen ýañlanýar.
 
 
                         E ton bilen A ton aralygy 4sany bolan                                           
       Üçin latin dilinden gelen kwarta diýip                            
                                                aýdylýar.      
            
                   
       
 Tamdyra edinmek üçin maglumat
 
Saz çalmakda haýsy bir gural bolanda , onuň dogry ýaslşy we arassa  ses
çykmagy iň esasy şert.
Mesal üçün : kirşler bilen gapagyň arasy belli bir derejeden köp beýik durmagy hiç bir hewösjeň saz çalýany begendirmeýär.
Ikinji şert Tamdyrada arassa ses çykarmak üçün perdeleriň öz ỹerinde dogri ýerleşmesi.käbir ustalar tamdyrany ýasan wagty, perdeleriň ölçegni ¼ Cm aralyg ýalňyş goýýarlar,şü sebäbli sesler ýalňyş ton-da çykýar.
Tamdyra satyn alnynan wagty, hökman ustadan tamdyraň haçan ýasalan , ýagny haýsy pasyl – da bejerlendigini soramaly.
Eger tamdyran tomus – da ýasalan bolsa , onda perdeler köp wagta çenli gawşaman durýar.Emma gyşda ýasalan tamdyralar , 6 aý geçmän eýýäm perdeleriň halkasy gawşaýar.
Saz hewösjeňler tamdyrany satyn alan wagty , öz barmaklarnyň ölçegine ser edip, tamdyraň sapy ýogyn ýa-da inçeräk bolmagyny we onuň öz eline laýyk-dygyny barlap almalydyr.
Esasan täze saz öwreňjiler tamdyry satyn aljak wagty, eger-de bir tejrebeli kişi bilen gitse oňat bolar.
Tamdyra ýasamakda,ady belli tamdyra ussasy köp bahşy-sazandalaryñ halypasy mukam dörediji Gulgeldi ussa bütün türkmenlerde ady nesilde nesile geçip onuň hakynda köp rawýatlary bize eýtipdir.
Ýaşuli sazandalaryň aýtmaklaryna görä, Gulgeldi ussa 1834-nji ýylda dogulup 1884-de aradan çykypdyr.Ol bary ýogy 50 ýyl ýaşapdyr.
Şeýle az ýaşasada, ol Amangeldi göni( 1833- 1879), Kel bahşy( 1850-1923), Täçmämed suhanguly(1865-1942) ýaly ençeme ezber bahşy-Sazandalara halypalyk edipdir.Gulgeldi öz döwründe tamdyra ýasmaga ökde bolansoň, onuň adyna ussa lakamyny goşupdyrlar.
Gulgeldi ussa amangeldi gönä ussatlyk patasyny berende: sen biziň Babagammarymyz bolup eýtişersiň- diýipdir.Onuň aýdany dogry bolup çykypdy.Gulgeldi ussa Amangeldi göni bilen ýaşytdaşrak bolan.
Amangeldi bir bada ata çykyp,Türkmenleriň üstüne howp salýan gelmişekler bilen göreşip,güjüni şoňa berýär.Gulgeldi ussa bilen duşuşanyndan soň, ünsüni tamdyra berip başlaýar.
Gulgeldy ussa mukam döretmäge-de zehinini siňderen adam.Şol döwür Gökdepede ýedi,mukamyň her nusgasyny bir ussat sazanda döredipdir. Oňa mysal edipSaltyklarygörkezmek bolar.             
 
 
     Tamdyrany eliňe alyp we çalmak täri
 
Haýsy bir saz gural bolandada, ony dogry eliňe alyp we jaýly tutulmagy saz
çalmak tekniki , we ustadlyk derejesine ösmeginde uly roll eýeleýär.
Tamdyrany çalmak üçün , sag el bilen kädisini tirsegiň iç tarapyndan gujoklap tutup we çep el bilen tamdyraň sapyny saklamaly(çep elli üçün tersine). Aşakdaky suratda görülşi ýaly.
 
 
 
 
Hökman bir öwrenjilere şeýle bir sorog gelýändir!!
Näme üçün sag el tirseginiň tarapy bilen tutmaly diýip?
Saz çalynan wagty, sag ely aşak we yokara oýnatmaga belli bir boş ýer gerek. Tamdyryny çalýan wagtyňyz, sag el şelpe kakanda,ýokardan aşak özüni oklap we aşakdan yokara güç bilen galdyrylỹar.
Bu hereketleri etmek üçün sag eliň gan akymny rowan akar ýaly,kädini  tirsegiň iç tarapyna goyup saklamaklyk makuldyr.
Şelpäni kakylan wagty ony tamdyraň her bir ýerine kakyp bolmaz. Sebäbi eger göni gapaga şelpe kakylsa, tamdyradan çykýan awazdan başga, barmaklaryň gapaga degýän sesi hem heňiň ýanynda şagyrdy
bolup eşidilýär.we bu ýaňlanýan sazyň owadanlygyny pes edýär.
Tamdyrada şelpe kakylanda, ony tamdyraň bokurdagyndan çalyp we arassa ses çykaryp bolýar.  
                                                                                                 
                
 
   kirişler we onuň sazlamasy
 
Bilşimiz ýaly tamdyraň awazy 2 kirşden çykýar.Not system- de her bir kirşe özüne laýyk ady bar.
Türkmen sazlari Not system-de ýazmak üçün türkmen kompozitorlary her bir türkmen saz guraly üçün we olaryň häsiýetlerine görä, ýörite Kirşler we perdeler hem-de üflenýän gurallara, mynasyp adyny beripdirler.
Türkmen tamdyrany 2 hilli sazlap bolýar.eger-de tamdyra orkester ýa-da piano bilen bile çalynmaly bolsa onda,aşaky kirşy Not system-de 2-nji we3-nji çyzyk aralygynda ýerleşýän (a) ton beýiklige düzüp we ýokarky kirşi1nji çyzykda duran (e)  ton beýiklige düzýäris.
 Köne-den bize gelip ýetişen ýene-de bir usul kirşleri düzmegi üçün,aşaky kirşy sazanda ýa bagşy öz islegine göre çekip we ýokorky kirşy 5-nji perd-  äñ aşaky kirşine deň be deň sese sazlamasydyr.
Elbetde bu usul wagt geçen söň gerek ýeri yok.sebäbi kirşlerden çykýan awaz eýýäm sazandaň gulagyna tanyş.
 
 
  Tamdyraň perdeleri we ondan ses almak teknikleri
 
Bilşimiz ýaly tamdyraň 13 sany perdeleri bar.Bu 13 perde her biri özüniň mag-sus bolan awazy bar.Saz çalynanda perde-den perde böküp ol sesleriň ýygyn- dasyndan, ýaňlandyrjak heňi  çalýarys.
Perdäni tutup basmak üçün , baş barmak bilen ýokarky kyrşy alyp we Perdäň halkasyna degmän kyrşy basmaly we orta barmak bilen aşaky Kyrşy baş barm -magyň gönisinde däl-de iz ỹanynda goýmaly.
Tamdyrany çalmak sebäbli her bir saz öwrenji hökman birinjiden perdelerden arassa ses çykarmany öwrenmeli-dir.şol sebäbli we hem-de barmaklary dürli-dürli tutuwlara öwrenişdirmek üçün ýa saz öwrenjiler arasynda aýdylşy ýaly barmaklary ýençmek sebäbli, öňüzdäki ýümüşleri doly gaýtalap öwrenmeli.
 
1nji surat-da her bir perdäni tutup aşaglayn12nji perde çenli çalmaly.
Bu ýümüşler tamdyraň perdelerinden arassa ses çykarmak we hem-de perdelerden çykýan awazy gulaga öwrenişdirmek-dir.Şonuň üçün çalyp başlan wag- tyňyz,hiç hilli hauwlukman her bir perdäni bir-birden tutup we olardan doly  açyk ses bilen çalmak ugrunda bolyň.
                                               
2nji surat-da birinji perdeden tutan soň , 5nji barmak bilen 3nji perdäni hem basyň we şeỹdip izli-izinden 12nji perde çenli dowam ediň.
 
 
Baş barmak we orta barmak gapma-garşy durmany, izli-izinde durmaly.
 
 
             Tamdyraň perdeleri we onuň atlary
 
Öň aýdyp geçişimiz ýaly Türkmen kompozitorlary  her bir türkmen gurallar üçün we onuň tonlaryny not ýazuwsynda ýazmak üçün ,dünýa sazçylyk kanuna deň bolan not ýazuwsyny her bir gurallyň häsiýetine görä düzeldipdirler.Tamdyraň perdelerinde, tonlaryň hemmesi ½ ton izlikde oturýar. 

Sesler ½ ton aralykda eýrleşeni üçün käbir perdeler 2 ady bolup emma, şol bir sesi ýa-da perdäni aňlatýarlar. Bular S we Q  bellik bilen  ýazylar Aşakdaky bölümde
tamdyrañ perdeleri köneden Türkmenlerde adlanan we saz öwrenjiler öz Halypa, ustadlaryndan saz öwrenmekde,haýyrlanan adlary görýäris.
Ýenede Not ýazuw-da,kyrşleriñ adyny perdeleriñ üstünde, harplyk bilen saýlanyp duranyny görkezmek bolar.

   1 nji perde    2 nji perde     3 nji perde    4 nji perde   

Ais …….b

h……ces

  

c´is……d´es

Baş perde

Nowai perde

Ýokarky açyk perede

Ýokarky kyýamat perde

 

Aşaky kyrş a

 

 

 

 

 

       F              

fis…….ges

      g

gis…..aes

Ýokarki kyrş e

 

   5 nji perde     6 nji perde     7 nji perde     8 nji perde      9 nji perde         

     

d´is…..e´s

    

   

f´is…..g´es

Bäşinji perde

Geñzu perde

Aşaky açyk perde

Türkmen perde

Ogurja perde

      A

ais……b

     H

  

c´is….d´es

 

a

e

 

 

 

   10 nji perde     11 nji perde     12 nji perde    13  nji perde

      

g´is…..a´es

       a´

a´is´ 

Göni perde

Aşaky perde

Kiçi şirwan perde

Uly şirwan perde

      d´

d´is…..e´s

       e´

e´ís

 

a

 e

 

Sorak we ýümüş.

1.Tamdyra we onuň Türki dill halklara gatnaşygy sebäbi näme ?
2.Näem üçin Tamdyra kyrşy näçe inçe bolsa, çalmasy aňsat we owadan ýaňlanýar ?
3.Tamdyra owazy Not boýunça haýsy ses aralygynda düzülýär? we olaryň atlary nämeden ebarat?

4.Tamdyra perdelerniň Not we halk arasyndaky ýörgünli atlaryny ýümüş edip öwreniň.