Muzik teoriýsi bilen tanyşmak

 

Muzik notyny okamak, edil bir kitap okadyň ýaly-dyr.muzik dürli symbollar bilen görkezilýär
we her haýsynyň belli manysy bar. Şu symbollary öwrenen zamanymyz, sazy okamany başarýarys.
Muzik notlary 5 sany üsti-üstünde çekilen çyzyk we 4 sany çyzyk aralagyn- da ýerleşýär.Bu 5 çyzyk we
olaryň arasyndaky 4 sany çyzyk arasy bileligde Not system ỹa-da Not Saçagy diýilip atlandyrylýar.
Elbet-de bu ýerde saz teori we grameri doly hemme taraplaýyn ýazyp bolmaýar,şol sebäpli gysga
bolsa-da açyk edip görkezjek bolaryn.Aşaky bölegleri bir-birden okap we muzik symbollary bilen
 tanyş bolsaňyz haýsy bir saz gural bolanda-da ony öwrenmek size aňsat bolar.
 
Not system
Ton beýikligi we Not açarlary
Rhythm
Takt çyzyklary, takt we takt görnüşleri
Ton görnüşleri
Dynamik
Tempo
 
 
Notsystem
Not çyzyklar we olaryň arasyndaky ỹerle
Piano we not systemi
Kömekçi çyzyklar
 
            Not çyzyklar we olaryň arasyndaky ýerler
 
Not systemi 5 çyzyk we 4 çyzyk aralygyndan bileligde bolup durýar.
Notlar şol 5 çyzygyň üstünde ýa-da aralarynda goýulyar.Not näçe ýokarda dursa şonça beýik
ton-da sesli bolup ýaňlanýar.Näçe aşakda dursa onda,pes ton-da ýaňlanýar.
Görşümüz ýaly her bir çyzyk we çyzyk aralygy belli bir ton beýikligi aňladýar.
 
5 sany Not çyzygy                        4sany Not çyzygyň aralygy
                  
 
 
  Piano we not systemi
 
 
Piano guraly 2 not system bilen ýazylýar.biri Violon açarly not system we Ikinjisi bass
açarly not system.sebäbi pianoda köp notlar ýa-da sesler bar.
Şonuň üçin pianoň hemme notlary(sesleri) bir not systeme sygmaýar.
                                                                                                                                                  
                             
 
 Orta C not systemiň arasynda bir kömekçi çyzygyň üstünde ýerleşýär.
(violon açaryň aşagynda we Bass açaryň ýokarsynda)
                                                                                                                                                              
  
                                                                                                                                                           
                                                                                                                                                               
 
                                        Kömekçi çyzyklar  
 
Kömekçi çyzyk diýmek, kiçi çyzylan göni çyzyk we not systemiň çyzyklaryny ýokara ýa-da aşak
ugruna uzultýar.Notlaryň ady bolsa 1nji çyzygyň aşagyndaky kömekçi çyzyk bilen başlaýar
 we ýokarlaýyn dowam edýär.
 
( C , D , E , F , G , A ,H ,C ).
 
Mesal:
-   Birinji kömekçiçyzyk not systemiň aşagynda Violon açary bilen orta C _ni berýär.
 
-   Birinji kömekçi çyzyk not systemiň ýokarsynda Bass açary bilen ýene-de orta C sesini berýär.
 
-   Birinji kömekçi çyzyk not systemiň ýokarsynda Violon açary bilen A bolýar.
 
-   Ikinji kömekçi çyzyk not systemiň ýokarsynda Violon açary bilen gaýtalanýan C.
 
 
          Kömekçi çyzyk                   orta C
 
 
        
1.Not saçagy ýa-da Not system sazçylyk düzgünleri boýunça nämeden ebarat ?
 
2.Notlar systemde haýsy ýerde pes tonly we haýsy ýerde beýik tonly bolup ýerleşýär ?      
 
3.Piano not systeminde orta C niresinde durýar ? we şol iki system nämel atlar bilen
 tanalýar ?
 

4.Näme üçin Not systemde kömekçi çyzyk gerek we şol çyzyklar-da haýsy sesler ýerleşýär?