Tamdyra sapagy











5. Interwal nämel we olaryň görnüşleri nämeden ebarat ?
^ = kaku aşak
çalynýar v = kaku
ýokara çalynýar
Not saçagynyň aşagyndaky 1 w 2
w san we harplar takt urgyň sanynyň
görkezmesi.Ýokardaky tonlary çalan wagtymyz örän ýuwaş we sanap çalmaly.
1-nji we 3, 5 perdeleri çalan wagtymyz , perdeden çykýan sesleri arassa
ýaňlandyrjak bolmaly.
Ýene
geljegki sahypalarda saz grameri bilen bilelikde täze öwrenmeli
heňleriň çalmasyny dowam ederis. Siz hormatly öwrenjiler saz grameri
bilen bile ädim-ädimläp ýuwaş-ýuwaşdan howlukmany her bir berilen
saz ýönkemeleri izgiderli öwreniň.
Not
öňündäki bellikler
Not
öňündäki bellikler, bir kiçi symbol bolup not öňünde çep
tarapynda durýar.we şol notiň ton beýikligini ýarym
ton ütgetýär.
Müzik
not system-de ýokara galdyrlan( beýik edýän bellik,
notiň, ton beýikligini1/2 ton galdyrýar). peseldýän
bellik ( bü bellik notiň, ton beýikligini½ ton peseldýär) ,
tebigi notlar ( öňki görnüşüne getirýär) .
beýik edýän bellik
pes edýän bellik
tebigi bellik
G ni ½ ton beýik edip
çalmaly.
Tamdyra
perdeleriň aralygy ½ ton-da tertiplenip durany üçin , bu bellik ýazylan
wagty, 1 perde aşak çalmaly.
( Elbetde, ýene , perdäň adyna ser edip.)perdeleriň atlaryny doly öwrenmelidir !!
mesal : 1 – nji perde-de eger F beýgelse, onda, 1 – nji perdäň ýokarky kyrşyny we 2 – nji perdäň
aşaky kyrşyny tutmaly.
Peseldýän bellik
Peseldýän bellik notiň
öňünde gelen zaman , şol noty ½ ton aşak çalynýar.
Piano-da çalsak onda
gara raňkli basuwny,ak reňkliň
basuwň çep tarapynd-
-an tutmalydyr.Eger H notiň öňünde (Q) bellik dursa,
onda gara reňkli B,ak H basuwň
çep tarapyndan çalynýar.
H-ni
½ ton peseldip çalynýar
Tamdyra perdelerinde bolsa bir perde ýokardan
tutulýar.
Mesal : 5- nji perde-de haçan-da d sesi ½ ton peselse,
onda 4 – nji perdäň aşaky kyrşyny we 5 – nji perdäň ýokarky
kyrşyny tutmalydyr.

Enharmoni
Enharmoni
diýmek bir we şol noty dürli atlar bilen görkezmekdir. Eger-de bir not
dürli atlara eýe bolsada , şonda-da deň ton beýiklig bilen
çalynsa oňa enharmoni diýiler.
Mesal: bir B (peseldilen
H) Ais not bilen, ton beýikligi deň dir.
Peseldilen F bolsa E not bilen
deňdir.
Ton beýikligi
dürli not atlary bilen çalyp bolýar,
muňa enharmonic diýilýär.
Eger tamdyraň perdeleriň
adyna ser etseňiz , onda, enharmoniýa Türkmen muzik-de nähilli
derejede güýçlidigi görünýär.
Not taýagy
Not
system-de her bir notiň , not gurulşysy bolýar.Notiň
uzak wagta ýaňlaýşyna göre
not taýagy(Not bokurdagy)
bolýar. Not taýagy
hemişe ýokara çekilmeýär.Not saçagynda notiň duran
ýerinden belli bir aralyg ölçenip,
not taýagy aşaklaýyn
hem çekilýär.Her bir
not , not saçagynyň ortaky
çyzyga ýakyn durup , ýokarsynda ýerleşse, taýagy aşak çekilýär we tersine.
Not
saçagyň orta çyzygyň aşagynda
Duran
notlar , taýagy ýokarlaýyn çekilýär
not
saçagyň orta çyzygyň ýokarsynda
duran
notlar, taýagy aşak çekilýär.
Akkord bilen çalynan
notlar, not taýagy iň inçe
ýa-da ýogyn sesleriň(not)
Orta
çyzyga uzaklygy,not taýagyň haýsy ýana çekilmeldigine
bagly bolýar.
Akkor-da not taýagyň, nähilli
durmaldygyna, orta çyzykda iň uzakda duran not şertli-dir.
Orta çyzyk
beýikde duran A orta çyzykdan G göre daşda
durýar.
Bir-birine bagly notlar hem, ýokardaky
deňesmesi bilen bir meňzeş şertleri Bar.
Sorak we ýümüş
1.Tamdyraň perdelerniň adyny 7 – nji perde –
de süýem barmakda we 8 – nji perde-de baş barmakda Not boýunça
adyny ýazyň.
2.Tamdyraň perdelerniň aralygy näçe ton-da
durýar ?
3.Not öňündäki bellikler haýsylar we
saz – da näme görkezmesi bar ?
4.Enharmoni nämel ?
5.Not taýaklary haýsy düzgün boýunça ýerleşýär ?